Günlerde bir gün beýik öwliýälerden bolan Hezreti şeýh Abdylkadyr Geýlanynyň (k. s) medresesine bir ýaş ýigit okamaga gelýär. Esli wagt geçenden soň, onuň garryja enesi ogluny görmäge gelýär. Haçan-da, ol talyplaryň bolýan hüjresine girende, oglunyň bir käse suw bilen el ýaly gaty çöregi gemrip oturanyny görýär. Oglunyň halyndan ene närazy bolup, ussadyň ýanyna şikaýat etmäge baranda, ol edil şol wagt gowrulan towugy öňüne alyp oturşy eken. Muny gören enäniň jany ýanýar:
−Ýa Şeýh! Meniň oglum hüjrede gaty çörek gemrip otyr, sizem bu ýerde towuk iýip otyrsyňyz!
Enäniň janyýangynly sözlerini diňläp oturan pir öňündäki towuga ýüzlenýär:
−Allahyň izni bilen tur ýeriňden! – diýip- diýmänkä, mejimäniň üstünde gowrulgy duran towuga jan girip, ýelek bitip,pasyrdap uçup gidýär. Soňra beýik pir bu keramaty görüp, gorkusyndan doňup galan enä ýüzlenýär:
−Goý, seniňem ogluň Alla Tagalanyň öz bendesine teklip eden beýik derejelerine ýetip, towuk iýsin.