BERGIDAR

Ebu Hanife hezretleri bir gün nirädir bir ýere barýarka, gabat garşysyndan gelýän kişi ymamyň edil deňine ýeteňkirläberende ýüzüni gizleýär we ýoluny üýtgedýär. Onuň bu hereketi ymama ýaramaýar. Ony ýanyna çagyrýar we ondan:
– Näme üçin meni görenden ýoluňy üýtgetmek bilen bolduň? – diýip soraýar. Ol edil ogurlykda tutulan adam ýaly aşak garap durşuna:
– Hezret, öňräk sizden azrak karz alypdym. Wagty bilen yzyna gaýtaryp bilmedim. Size gögünmäge ýüzüm ýokdur, tagsyrym – diýýär. Şonda Ymam Agzam hezretleri:
– Subhanallah! Yzyna gaýtaryp berersiň diýmändim-ä. Ýoluňy üýtgeder ýaly utandyran bolsam, senden ötünç soraýaryn, meni bagyşlaweri – diýýär.
* * *
Ymamy Agzam diňe bir uçursyz zehiniň eýesi däldi. Eýsem gypynç etmän bergidarlarynyň ergisini ötüp bilýän çensiz haýyrsöýer, sahy adamdy. Aýdýan zady bilen amal edýän, bergidaryndan ötünç soramagy özüne kiçilik bilmeýän, aňrybaş pespäl we diýseň salyhatly adamdy.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s