Dini we takyk ylymlardan ýüki ýetik alymlaryň biri deňizde gaýykly gezelenç etmegi ýüregine düwýär. Ol ýüzüp barşyna, kiçiräk bir adanyň töweregine barýar. Bu ýeri görmek niýeti bilen kenara çykýar. Görse, yns-jyns ýok. Birsalym aýlanandan soň, goyun sürüsine gabat gelýär. Süriniň çopany kiçiräk bir depäniň üstünde namaz okap otyrdy. Alym onuň ýanyna baryp, ybadatyny tamamlaýança garaşyp oturýar. Çopan soňunda doga edende, arapça bir dogany ýalňyş okaýar. ”Eý Rabbim! Sen meniň gulumsyň! Men seniň Rabbiňdirin!”. Muny diňläp oturan alym ör-gökden gelýär. Çopan bilen tanşyp, hal-ahwal soraşan alym onuň bu ýerde ýalňyz ýaşaýandygyna göz ýetirýär. Ol yzyna gaýtjak bolanda çopana:
−Sen ýaňy soňky okan arapça dogaňy ýalňyş öwrenipsiň. Bu şeýle bolmaly – diýip, dogry okalyşyny öwredip, ýola düşýär. Alymy kenara çenli ugradan çopan, gaýyk tä gözden ýitýänçä seredip durýar. Birdenem hälki öwrenen dogasyny ýadyndan çykarýar. Näçe gaýtalajak bolsa-da, huşuna gelmeýär. Öňki okaýanam ýalňyş. Aljyrap, gorka düşen çopan özüni deňze urýar:
−Ehe-he-e-e-e-ý! Garaşyň!
Gulagyna bir ses gelen ýaly bolan alym yzyna seredende, gözlerine ynanmaýar: ýaňky çopan suwuň ýüzünden özüne tarap ylgap gelýär! Çopan gaýygyň duşuna ýetip, demi-demine ýetmän haşlap durşuna:
−Ýa Ussat! Ýaňky öwredeniňi unutdym. Ýene bir gezek gaýtalap beriň, ýat tutaýyn! – diýýär. Çopanyň gardan päk imany bilen görkezip duran bu keramatyna ýyllar boýy ýetibilmän ýören alym gözlerinden boýyr-boýur ýaş dömüp, iki elini galdyrýar:
−Öňkiňi gaýtalaber dogan! Ýalňyş ýeri ýokdur. Şu imanyň bilen öňkiňi gaýtalaber!
