Bu günem daň bilen duşmanyň ýene-de bir hüjümi başlandy. Yzly-yzyna zalp bilen atylýan duşman toplarynyň gümmürdisi, galadaky aýal-ebtatlaryň ahy-nalasy, zenzelesi bilen garyşyp, gulagyňy kamata getirýärdi.
Dişine çenli ýaraglanan duşman kem-kemden tekeleriň örüsini daraldýardy. Galanyň düýbüne dykylyp gelen orslar gözleri ýok ýaly ýokary dyrmaşýardylar. Emma üstlerinden guýulýan gaýnag suwa, gyzgyn garaýaga döz gelibilmän yza serpikýärdiler. Uzak günläp dowam eden söweş gijara kiparlady. Duşman garymyna girdi, tekeler bolsa, şehitlerini bir jemläp, depin edip başladylar.
Oraçanyň düýbüne çöpür baryny üýşürip, syrygyň ujuna gyrkylyk daňar ýaly ýüp örüp oturan Hatyjanyň elleri göze ilmez çalasynlykda işleýärdi. Hatyjalaryň oraçasy galanyň diwaryna golaý otyrdy. Ol işen ýüplerini bir tarapa aýryp, uludan demini aldy. Kalbynda harasat gopýan Hatyjanyň kellesine her-hili pikirler gelýärdi. “Daş-töwerek ahy-nala, agy-eňşeşik. Kimiň ýary, kimiň ogly, kimiň dogany şehit bolandyr. Biziňkiler nähilikä? Kakam, doganlarym nirelerdekä? Ýa olaram. . . ?” Yzyny göz öňüne getiribilmän, erbet hopukdy. Ýerdöläniň içinde çagalary saklaýan ejesiniň üstlerine top oky düşüp, şehit bolany bäri Hatyjanyň ýeke özüdi. Gije goňşulary bilen ýatýan Hatyja bu gün agşam kakasynyň gelerine umyt edip, ýene-de işläp başlady.
Birdenem düşnüksiz bir düňküldi eşidilen ýaly boldy. Ilkibada üns bermedik Hatyja soňabaka durşy bilen gulaga aýlandy. “Düňk-düňk, düňk-düňk”. Edil oturan ýeriniň aşagyndan çykýan sese diň salyp, gulagyny tutup diňlän Hatyjanyň howsalasy artdy. Daşardan aýak sesi eşidilip, onýança-da, kakasy gapyda göründi:
−Gyzym? Sag-aman otyrmyň?
−Hudaýa şükür, kaka jan! Janyň sagmy? Doganlarym amanmy?
−Doganlaryňy şu gün galanyň çep ganatyna geçirdiler gyzym. Enteg-ä habar ýok. Şu wagt ara böwşeňlik düşdi-de, halyňy soraýyn diýip geldim.
−Meni alada etmäň kaka jan, siziň başyňyz dik bolsa bolar. Kaka, şu ýerden bir düňküldi ses gelýär weli, meniň göwnümemikä?
Gyzynyň aýdanyna üşerilen kakasy ýere gulagyny tutup, diň saldy. Mazaly diňlänsoň, çalasynlyk bilen turdy:
−Göwnüňe däl gyzym, hakykat eşidipsiň. Bu haramzadalar galanyň aşagyny köwüp, deşip çykjak bolýandyrlar. Men häzir geldim – diýip, howlukmaç daşary çykdy. Salym geçmänkä-de, ýaňy-ýakynda wepat bolan Nurberdi hanyň ýerine han saýlanan ogly Magtymguly hany ýanynyň aksakgallary bilen alyp geldi. Hemmesi ýere diň salyp, aşagyň gazylýanyna magat göz ýetirensoňlar, maslahatlaşyp,bir karara geldiler. Duşmanyň ýeriň astyndan deşip çykaýjak ýerlerine pyýada goýuldy. Hatyjalaryň oraçasyny bolsa, töweregindäki oturan beýleki öýler bilen galanyň içirägine göçürdiler. Emma. . .
Bu beýle bolmandy. Hatyja bu düňküldiniň sebäbine galanyň şol ganatynyň üstündäki adamlary bilen partlap, asmana uçan güni düşünip galdy. . . .
