Gadym döwürlerde yrsgally-sahawatly, jomart bir baý bolupdyr. Ol ýygnan gyzyl puluny oňat edip bişirilen huma salyp, öýüniň bosagasynda gömüp goýýar eken. Şeýdip, altyn-kümüşiň adama edýän täsirinden aňyrdan gelýäniň häsiýetini seljerer eken.
Bir gün baýyň uzak örülerdäki çopanlarynyň azyklary paýawlap, olaryň biri oba gaýdýar. Ýaňky çopan baýyň gapysyndan salam berip girýär. Bosaganyň üstünde ädigini çykaryp duran çopan näme üçin geleninem ýadyndan çykarýar. ”Şunça ýyllap gapysynda gezip ýörün welin, edenimi bilmeýär zaňňar! Gör, ýassanyp, çaý içen bolup oturşyny! “Ýetişen gyzyňy ber” diýeýin. Etmejek bolsa, pyçagy böwründen sokaýyn” diýip, içini gepleden çopan, işikde duran ýerinde bilindäki ak saply pyçaga elini ýetirip, haýbat atýar:
−A-haw, baý aga! Sen şu wagta çenli eden hyzmatymy bilmedik bolup gezdiň. Häziriň özünde gyzyňy berseň-ä bereniň, bolmasa-da. . . .
Çaý içip oturan baý, onuň bolup durşyny synlap, myssa ýylgyrýar:
−Oglum! Beýdip gyzarylyp, ganyňy gaçyryp durma-da, töre bir geç. Aýyp bolar ahyry.
Abşarylyp töre geçen çopan baýyň gaşyna barup oturýança, ýeli boşan meşik ýaly myssarýar. Ýüzüni ýerden galdyrp bilmän oturan çopan, baýyň ýüzüne naýynjar garaýar:
−Geçeweri günämi baý aga! Ýalagyma guýar ýaly ýuwundy diýip geldim.
