Kerbaba ýyly

1916-njy ýyllaryň açlygy halkyň tabyny hasam pese gaçyrypdy. Tejen derýasynyň suwy ýylyň-ýylyna çekilýärdi. Tomus başlamanka derýa peselip, ekinler suwsyz ýanyp, saman bolup gidýärdi. Iki ýana urunýan halk näme etjegini bilmän, iliň öňüne düşüp ýören kethudalara maňlaýyny direýärdi. Gije-gündiz ellerini asmana açyp, Hudaýdan medet diläp oturan dili dogaly, asly halal, aýagyny täretsiz ýere basmaýan Kerbaba aga-da halkyň agysyna bile aglap otyrdy. Ol gapysyna çykalga gözläp gelen ilaty köşeşdirip, ýagşy niýetde bolmaklaryny tabşyryp, yzlaryna gaýtarýardy. Özi bolsa bir gyra çekilip, tagat-ybadatda boldy. Birnäçe günden soň daň atyp barýarka ymyzganan Kerbaba aganyň düýşünde gören yşaraty, ýagyş ýagjagynyň alamatydy. Ol milleti ýygnap:
−Jemagat! Siz eliňizde bar bolan ähli tohumlaryňyzy çykaryň. Her tohum dänesiniň daşyna bir tokga palçyk edip, guradyp goýuň. Arpa-bugdaý, ak-gök, tapawudy ýok,her bir tohumy şeýdiň, Alla bizlik bolsa, öz bendesini açlygyndan öldürmez.
Şondan soň köp wagt geçmän-kä, Hudaýyň berekedi bilen ýagyş ýagyp başlady. Şeýle bir guýýar, öňki ýagmadyklarynyňam öwezini doljak bolýan ýaly, ähli kaklary, oýlary, pesräk ýerleri dolduryp, suw-sil edip geçdi. Kerbaba aganyň diýeni geldi. Meýdana çykan adamlaryň hersiniň elinde kesek zyňylýan sapan bardy. Her kim sapan bilen içi tohumly kesekleri çar tarapa zyňyp başlaýarlar. Şeýdip, Tejeniň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli ilaty Kerbaba aganyň maslahaty bilen depe-düz diýmän, hemme ýere düme ekýärler.

Şol ýylky ýetişen bereketli hasyly ýygnamaga ýurduň ähli ýerinden millet bary çozýar. Her kim işläp, gazanç edip, ýylgallaly boljakdy. Gelýän adamlaryň hetdi-hasaby ýokdy, emma ekilen meýdan ondan hem köpdi. Käbir ýerlerinde gawun-garpyzy, şalyny, künjini ýygnamaga adam tapylman, mallaryň torç edýän wagtlaram bolupdyr. Bu bereketli ýyla “Kerbaba ýyly” diýip at galýar. Meşhur ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň kakasy Kerbaba aga ugurtapyjylygy bilen halkyň açlykdan halas bolmagyna sebäp bolýar.