Ýagyş ýagyp, palçyk bolan ýol bilen bir ýerlere howlukmaç ylgap barýan oglanjygy gören Ymam Agzam hezretleri onuň yzyndan:
– Balam, häzir bol, aýagyň taýyp ýykylaýma! – diýip gygyrýar.
Oglanjyk sakga durýar we heniz gaty kiçi ýaşda bolmagyna garamazdan, dana pisint görnüşe girip, Ebu Hanife hezretlerine garap şeýle diýýär:
– Tagsyr, men ýykylsam, känbir üýtgeşik zat bolmaz. Özüm ýykylyp, özümem galaryn. Emma seniň aýagyň taýsa welin, yzyňdan gelýänler seniň bilen bile ýykylar. Olaryň hemmesini galdyrmak bolsa aňsat düşmese gerek.
* * *
Oglanjygyň bütin döwürlere ybrat boljak şu sözlerinden şol zamanyň nusgawy jemgyýetiniň turuwbaşdan ylym ojagyna öwrülendigi, ynsan akylynyň diňe gowulyga gönügendigi aýdyň görünýär.
Hawa, köne adamlar halka baştutanlyk etmekden, ymamlyk etmekden başardygyça uzak durýardyrlar. Mejbur bolmasalar ýele ýanyndanam barmaýardylar. Sebäbi olar ile kethuda bolmagyň jogapkärçiligine düýpli aň edýärdiler. Şu günlerimizde halkyň öňüne çykyp söz sözleýänleriň şol jogapkärçiligi duýmagy gerek, millionlarça ynsanyň haky aýlanyp-öwrülip özünden soraljakdygyny hergiz unutmazlygy gerek.