Baý bilen garyp

Töwrizde Bedrettin Omar diýen baý adam ýaşan eken. Ol sahylygy bilen meşhur eken. Hatda onuň jomartlygy Töwrüziň çäginiň daşynda hem bilinýän eken. Bu gep goňşy welaýatda ýaşaýan garyp adamyň hem gulagyna ýetýär. Onsoň Bedrettin Omaryň jomartlygyna bil baglaýan bu garyp ep-esli bergä girýär. Öz ýanyndan bolsa: «Aý, näme-de bolsa bir gün Bedrettin Omaryň ýanyna bararyn. Ondan bergilerimi üzmek üçin pul soraryn. Boş-a goýberesi ýok» diýýärmiş. Şeýdip, eden bergisi ep-esli mukdara ýetýär. Onsoň hiç oýlanyşman hälki umyt bilen Bedrettin Omaryň ýanyna eňýär. Töwrize baryp ýetende, Bedrettin Omar dünýeden öten eken.
Bu habary alan garyp üstünden gaýnan suw guýlan ýaly bolýar. Onsoň ol Bedrettin Omaryň mazarynyň başujuna baryp, aglamaga başlaýar:
– Men seniň jomartlygyňa, baýlygyňa bil baglap bergä batdym. Indi men näme edeýin, munça bergini nädip üzeýin?
Şol gije Bedrettin Omar mirasdarynyň düýşüne girýär. Omar oňa:
– Bir garyp biçäre meniň jomartlygyma bil baglap bergä batan eken. Onuň bergisini üzmek üçin ýetäýjek puly pylan ýerde ýygşyryp goýupdym. Şony eltip, şol garyba ber – diýýär. Bedrettin Omaryň mirasdary oýanan badyna gidip, şol puly salgy berlen ýerden tapýar. Ony mazaryň başyny tutup ýatan garyba eltip berýär.
* * *
Rebbimiz kerem eýesidir. Bedrettin Omar ýalylara sahylygy öwredenem Rebbimizdir. Ynsanlara ýardam edip, lezzet almagy öwredenem Rebbimizdir. Oňa bil baglan adam hiç garaşylmaýan ýerden gelen yhsanlaryň şaýady boljakdyr. Bütin mahluklara ýetişýän lutuflar Onuň hödür-kereminiň, Oňa bil baglamagyň netijesidir. Diýmek, Ol Özüne bil baglaýan kimsä hazynalaryny dökýän eken. Bendesine bil baglaýanyň ynamyny zaýa etmeýän bolsa, Özüne bil baglaýana nämeler lutuf edýändir, kim bilýär?! Biziň «Gulum Meni nähili tanaýan bolsa, Men hem özümi onuň bilen şeýle alyp bararyn» diýýän Rebbimiz bardyr.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s