Horasan ýurdunyň patyşasy Aladdin Muhammet Horezmşanyň gaty artykmaç gyzy bardy. Patyşa öz gyzyna muwapyk ýigit tapanokdy. Mundan ötri biynjalyk bolup başlan patyşa bu babatda ýakyn weziri bilen maslahatlaşmagy müwessa bilýär. Oňa:
– Gyzyma mynasyp ýigit tapylanok, berjek maslahatyň barmy? – diýip, sala salýar. Wezir köpi gören, öz pikirini çekinmän aýdyp bilýän adam ekeni. Ol patyşa garap şeýle diýýär:
– Yslam patyşalary bilen diňe ulamalar deňleşip biler. Sebäp diýseňiz patyşalar halka hökümini ýöredýän bolsa, ulamalar patyşalara hökümini ýöredýär.
Weziriniň bu sözlerinden ýerlikli many çykaran patyşa ondan:
– Bilýän ylmyna amal edýän alymy nireden tapyp bolar? – diýip soraýar. Şonda wezir oňa:
– Seniň paýtagt şäheriň Balhda ýaşaýan Ebu Bekiriň agtyklaryndan bolan Jelaleddin Hüseýin – diýip, jogap berýär.
***
Pygamberlere gyşarnyksyz etagat etmek haky ýaýýanlaryň borjudyr. Pygamber milleti bolsa alyp barýan işi üçin hiç zada hantama bolmaýan, hiç kimden zerre ýaly zat islemeýän beres milletdir. Missiýalarynyň we ylymlarynyň şanyna şek ýetirmeýän ynsanlardyr. Olaryň gözüni bütin dünýäniň soltanlygy-da bir dem hem gamaşdyryp bilmeýär. Hakykaty ýaýmak bilen şeýle bir mertebä miýesser bolýarlar welin, at-abraý, şan-şöhrat, wezipe, ýagny dünýewi islendik bähbit şol mertebäniň ýanynda hiç bolup galýar.
Öňem, häzirem dünýäniň soltanlary ulamalara aýratyn hormat goýýarlar. Çünki ylym şeýle bir hakykat welin, ony başgasy niredendir bir ýerden alagedin berip bilmeýär. Ylym soltanlary hem hormata edähet etdirýär.
