Perzent Hasraty

Bir wagtlar bir adam zyndana düşüpdir. Janyndan eý görýän perzendinem onuň ýanyna beripdirler. Ynha, bendilikdäki o biçäre hem özüniň, hem perzendiniň şeýle güne düşeni üçin jebir çekýär eken. Günleriň birinde şol ýeriň rehimdar hökümdary balasy bilen zyndanda ýatan bu bendä: «Bujagaş oglanjyk seniň çagaňam bolsa, meniň raýatymdyr, halkyma degişlidir. Ony öz ýanyma alyp, köşkde ýaşatjak. Ony özüm ekläp saklajak» diýen habary iberýär. Şonda ol: «Meniň ýüregimiň ýeke-täk tesellisini-de elimden aljak bolýaňyz, ony beri menden almaň» diýip‚ aglap-eňremäge başlaýar. Bu ýagdaýy synlap duran adamlar oňa şeýle maslahat berýärler: «Seniň bu bolşuň manysyz. Eger seniň çagaňa haýpyň gelýäni çyn bolsa, balaň bu güzaply durmuşdan, hapa, porsy zyndandan gutulyp, arassa, kaşaň köşkde, bagtly durmuşda ýaşajagyna begen! Görýäs welin, sen nebsiňi, ýagny özüňi alada edýäň. Özüň oýlanyp gör, eger ol bu ýerde galan ýagdaýynda, ajy gatyşykly az wagtlyk çaga mährini görseň görersiňem welin, ýöne öz görgiň üstüne, onuň görýän görgüsi üçinem birentek ezýet, jebir çekmeli bolarsyň. Emma ogluň o taýa giden ýagdaýynda, seniň üçin ummasyz kän bähbidi bolar: eziz balaňy gören hökümdaryň saňa ýüregi awamagy, merhemeti inmegi mümkin. Sebäbi perzendiň hökümdardan seniň günäňi geçmegini sorar. Hökümdaram seni onuň bilen görüşdirmegiň tarapdary bolar. Ana, şonda hökümdar ony seniň ýanyňa – zyndana ibermez, eýsem seni zyndandan çykarar we onuň ýanyna – köşge çagyrar».

*****

Bir alym bu hekaýaty perzendi aradan çykan egindeşine gynanç haty hökmünde ýazyp ýollaýar. Şol sanda bu hekaýat Pygamberimiziň (s.a.w) perzendi dünýäden öten ene-atalaryň jennete girjegi dogrusyndaky hadysynyň bir teswiri bolup durýar. Bulug çagyna ýetmedik bigünä çagalaryň jennetlik bolýandygy barada hadyslar bar. Elbetde, çagalar eje-kakasyny görmek islände, Allatagala olary dowzaha ugratmaz. Eýsem olaryň ene-atalaryny jennetine alyp getirer.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s