Fatih Soltan Mehmet oglanjykka bir sapar bezzatlyk edýär. Şonda kakasy Myrat II:
– Nähili bezzat çaga sen! Senden adam çykmaz – diýip, oňa käýeýär. Şol pursat Akşemseddin hezretleri hem bar eken. Ol welilik nazaryna, kalp gözüne aýan bolan syrdan ötri ýylgyrýar-da şeýle diýýär:
– Peder bir zat diýer, kader başga zat!
*
«Kader (ýazgyt, takdyr)» sözi – ölçemek, ýazgydyny ýazmak, ölçäp-kesmek arkaly bir zady emele getirmek diýen manylary aňladýar. Her bir zadyň gözelligi özüne mahsus ölçegindedir. Ezeli ylmy bilen hemme zady her taraplaýyn bilip, bellige alýan Alla ozaldan nämäni nähili görnüşde ýazga geçiren, kesgitlän bolsa, şol zat hem amala aşaýmalydyr. Allatagalanyň ýazan ýazgydy ynsanyň öz erkiniň saýlawydygy, ylahy mejburylyk däldigi unudylmaly däldir.