Bela

Bir adam Musa (a.s) pygamberiň ýanyna gelip:

– Eý, Musa! Haýwanlaryň diline düşünmek isleýärin, meniň üçin dileg-doga edäý! Olaryň diýýän zatlaryndan sapak alyp, menem gowy adam bolaýyn – diýýär. Şonda hezreti Musa (a.s) ol adama:

– Bar, işiň bilen bol! Şu bolşuň has gowudyr. Gerdeniňe göterip bilmejek ýüküňi aljak bolma! – diýýär. Emma ol adam öz diýenine tutup dur diýýär:

– Eý, Musa (a.s)! Hiç bolmasa, şu gapymdaky horaz bilen itimiň diline düşüner ýaly edäý!

Hezreti Musa (a.s) ahyry razy bolýar we doga edýär. Ol adam begenjine öýüne tarap ýelk ýasaýar. Ertesi gün ir bilen hyzmatkär ertirlik suprasyny taýynlap durka bir çörek bölejigi ýere gaçýar. Horaz ylgap gelip, şol lukmany gapýar. Şonda it:

– Horaz, bu edýäniň dogrumy? Sen bugdaý bilen arpa hem iýip bilýärsiň, men bolsa başga zat iýip bilemok. Näme üçin meň nesibämi alýarsyň? – diýip, horaza hemle atýar. Horaz:

– Aýdýanyň dogry! Ýöne sen gaharlanma. Ynhalekgin, ertir hojaýynyň eşegi öler welin, şondan garnyňy oňatja göjärsiň – diýýär.

Ýaňky adam olaryň gürrüňine hakyt düşünýär diýýär. Onsoň derrew eşegini bazara äkidip satýar. Adam ertesi günem horaz bilen itiň gürrüňine gulak salyp görýär. It horaza gaharlanyp:

– Hany, eşek ölmelidi, menem garnymy doýurmalydym – diýip jabjynýar. Horaz bolsa:

– Eşek öldi, ýöne başga ýerde öldi. Gaharlanyp oturasy iş ýok. Ertir hojaýynyň aty ölýär, ana şonda-ha baý, doýmak doýarsyň – diýýär. Muny eşiden adam derrew atyny hem satýar. Öz ýanyndanam «Haýwanlaryň diline düşünmegiň gaty kän peýdasy boljagow» diýip pikir öwürýär. Ertesi gün ýene horazy bilen itiniň arasynda bolup geçýän gürrüňlere gulak gabardýar. It ýene horazyň üstüne azgyrylýarmyş. Horazy ýalançylykda aýyplaýarmyş. Horaz indi başga gürrüň tapýar:

– Men ýalan sözlemedim-ä! At öläýmelidi, ýöne eýämiz aty hem bazara çykaryp satdy. Sen gaharlanyp oturma! Ertir hojaýynymyz iň gymmatly zadyndan dynýar, ýagny hyzmatkär ölýär. Ana, şonda bişirilen naharlardan hemmämiz garnymyzy doýrarys.

Muny eşiden adam hiç pikirlenmän hyzmatkärini hem satyp goýberýär. Ertesi gün ýene ol ýene-de öňki edähedine eýerip, iti bilen horazynyň gürrüňini diňlemäge çykýar. Itiň gaharlanyşy öňküleriň çaky dälmiş. Esli wagt bäri aldanyp ýörendirin öýdýärmiş. Horaz bolsa öz sözüne ynandyrjak bolup hil-heläkmiş:

– Men ýalançy däl, it dost. Hyzmatkärem öldi, ýöne başga ýerde. Sebabi eýämiz ony hem satdy. Ýöne ýalňyşdy, bela ilki bilen eşege gelmelidi, şeýdibem eýämiz aman galmalydy. Ýöne eşegi satdy, soňra bela atyň başyna geljekdi, aty hem satdy oturyberdi. Ýeri bolýar, ony satdyň diýeli, hyzmatkäri näme üçin satdyň diýsene?! Ony hem satdy ahyry. Indi bela onuň öz başyndan iner. Gezek eýämizde, ertir öler. Ana şonda welin, hökmany suratda, hemmämiz doýarys.

Horazyň bu sözlerini eşiden adam akylsyz kellesine urmaga başlaýar. Ýöne nätjek, boljak iş bolupdyr.

*****

Adamlar öz başlaryna gelen islendik erbetligi haýra ýormaly. Sebäp diýseňiz, olar başga bir uly belany sowýar, bela-beterleriň öňüne böwet bolýar. Herki hadysanyň soňunda nähili haýyrlaryň gizlenendigini bilip bolmaýar ahbeti. Haýyr ýaly bolup görünýän zat şer, şer ýaly bolup görünýän zat haýyr bolup biler. Ynsan tiz-tizden Hudaýyň ýoluna sadaka berip, başyna geljek belalary sowmaly. Herki zadyň özüne mahsus sadakasy bardyr. Mal-emlägiň, diliň, ylmyň, saglygyň, wagtyň …

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s