Alp Arslan serkerdelik edýän bölüminiň başynda durdy. Ol söweş tilsimlerini öwreden halypasy Saw Tekiniň iň mekir söweş usullarynyň biri bolan, türkileriň gadymy «turan» usulynyň bu söweşde ulanylyp boljakdygy ýa-da däldigi barada oýlanýardy. Onuň çaky çak bolsa, bu söweşde şol tilsimi amala aşyrmak mümkindi. Çaklaňrak toparlara bölünen ýigrimi müň adamlyk seljuk goşuny örän çeýe hereket edýärdi. Olar degdi-gaçdy emelini ulanyp, duşmany ysgyndan gaçyrmaga çalyşýardy. Öňden bellenilişi ýaly, Togrul beg soltan Mesudyň baştutanlyk edýän merkezi goşunyna hüjüm etdi. Ol az salym söweşen ýaly edip, soňra yza çekilip başlady. Ýagny seljuk goşuny ýeňlen kişi bolup, çölüň jümmüşine dogry gaçyp ugrady. Soltan Mesut bolsa ýeňse beren seljuklaryň söbügüne mündi. Ol dessine seljuklary paýhynlap, teşnelikden kösenýän goşunyny suwdan gandyrmak isleýärdi. Guýular Daňdanakan galasyna ýakyndy. Haçanda soltan Mesud seljuklary kowalap, şol ýere ýetende, gözüne ynanmady. Guýular gömlüpdi!
Gaznalylar seljuklaryň yzyndan ýetjek bolup, ýygy-ýygydan ýer çalyşýardylar. Piller tiz ýadady. Çölüň jokrama yssysynda ot-suw tapmaýan piller töweregi agdar-düňder etmäge başlady. Ýadaw, aç-suwsuz goşun tapdan gaçyp, ruhdan düşdi. Munuň hem üstesine, gaznalylaryň hatarynda söweşýän dört ýüze golaý seljuk türkmen gullaryndan düzülen goşun seljuklaryň tarapyna geçdi. Olar gaznalylar hakynda gerekli maglumatlary berip, seljuklaryň ruhuny göterdi.
Çagry begiň aýdanlary dogry çykdy. Gaznaly goşunynyň tertip-düzgüni bozulyp, biri-birinden üzňe hereket edip ugrady. Arasynda Soltan Mesut hem bar bolan gaznalylaryň merkezi güýji Togrul begiň atlylary täzeden ýüzbe-ýüz boldy. Seljuklar wagt ýitirmän, duşman goşynyny iki tarapdan gabawa saldylar.
Gaznalylar duzaga düşüpdi. Muny häliden bäri tolgunyp synlap duran Alp Arslan saklanyp bilmän gygyrdy:
– Ine, «Aý hereketi, gurt gapany» dilýilýär muňa!
Alp Arslanyň eden çaky dogry çykypdy. Seljuklar «Aý hereketi» diýilýän gadymy turan söweş usulyny örän ýerlikli ulanypdylar. Çagry beg tarapyndan kesgitlenilip, başarjaňlyk bilen alnyp baran söweşiň netijesinde gaznalylaryň esasy güýjüne uly zarba uruldy. Agyr ýitgi çeken soltan Mesut ýüz adamlyk saýlama atlysy bilen söweş meýdanyndan zordan gaçyp gutulyp, Berkdyz galasyna bakan ýumlukdy.
1040-njy ýylyň ýigrim ikinji maýynda başlanan söweş alty günläp dowam etdi we seljuklaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Seljuklaryň serkerdeleri Çagry beg bilen Togrul beg atlaryndan düşüp, şükür namazyny okadylar, dileg-doga etdiler. Özlerini Daňdanakan ýeňşi bilen sylaglan Beýik Alla hamdy-sena aýtdylar.
Juma gününe gabat gelen bu ýeňişden soňra Togrul beg söweş meýdançasynda oturdylan tagta geçirilip, täze dörän Seljukly döwletiniň hökümdary diýlip yglan edildi. Onuň atasy Seljuk begiň adyny göterýän Seljukly Türkmen döwleti şeýdip döredi.
Çagry beg başlyklaýyn ähli seljuk begleri Togrul bege külli Horasanyň hökümdary hökmünde hormat bilen salam berdiler. Aslynda Çagry beg halk arasynda Togrul begden has ýeg görülýärdi. Emma ol seljuklaryň agzybirligini gorap saklamagyň hatyrasyna inisini tagta geçirdi. Ol Togrul begi syýasatda we döwleti dolandyrmakda özünden has zehinli, ugurtapyjy hasaplaýardy.
Togrul beg bilen Çagry beg Bilge Kagan bilen Kül Teginiň döwlet dolandyryş usulyny özlerine ýörelge edindiler. Düýbüni tutan döwletleriniň çägini giňeldip, eýelän ýerlerinde parahatçylygyň we adalatyň rowaç bolmagy ugrunda yhlas etdiler.