Eziz maňa!

Eý gül watan almalaryň, narlaryň eziz maňa,

Meň söýgim müň ömre ýeter, barlaryň eziz maňa.

***

Ulus-ile aman-esen ýaz gelende ajaýyp,

Sähra üste seýkin basan hüýrleriň eziz maňa.

***

“Ber Hak” diýen bir özüne, nalyş edip säherler,

“Bir Hak” diýen takwalaryň, pirleriň eziz maňa.

***

Haýranda başy ýaýkasam, çykyp belent daglyga,

Düşüp bagrymy oýkasam, garlaryň eziz maňa.

***

Bu topragy jandan söýen, başyn goýjak üstünde,

“Men-men” diýen söwer dosty-ýarlaryň eziz maňa.

***

Seň goýnuňda beýnim bekäp, dünýä akyl ýetirdim,

Ata mekan eýwanlaryň, törleriň eziz maňa.

***

Bahar gelse, mahmal geýen, bu owadan dünýäniň,

Waspyn ýaýan dutarlaryň, tarlaryň eziz maňa.

***

Üstünden geçdi nije jan, nijesi bagş etdi jan,

Beg Görogly hem Oguz han, ärleriň eziz maňa.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s