«Sabyrly gul dura-bara şat bolar»

Nejip Fazylyň «Sabyr daşy» diýen sahna eserinde şeýle hekaýat bar:
Uklap ýatan ýaş gyzy ägirt guş penjesine alyp ötä gidýär. Ony getirip, bir şa köşgüniň penjiresiniň öňüne emaý bilen goýýar. Gyz şol uklap ýatyşyna düýşünde şazadanyň başujunda kyrk gije-gündiz çirim etmän oturmagy başarsa, maksat-myradyna ýetjekdigi aýdylýar. Gyz oýanýar. Ol edil düýşünde aýdylyşy ýaly şol köşkde kyrk gije-gündiz uklap ýatan şazadanyň başyny saklap oturýar. Soňky gije gelip ýeten eken. Ol şol gün gul satýan garakçydan bir gyrnak satyn alyp, azat edýär. Gyrnak bilen gyz bir-birlerine başyndan geçenleri gürrüň berýärler. Ýaňky gyrnak ýalançy, haýasyzyň biri eken. Aslynda garakçynyň maksady hem ondan dynmak eken. Ýaş gyz düşen ýagdaýyny oňa gürrüň berýär: «Kyrk gijedir çirim etmän şu ýerde boldum. Bu gün agşam şazada oýansa gerek. Sen biraz başujunda dur, men kyrk günläp hiç ýere çykmadym. Köşgi biraz aýlanaýyn» diýýär. Gidenem şol welin, şazada oýanýar. Şazada agyr kesele duçar bolanyny, özüne «Kyrk gije-gündiz öli ýaly ýatjaksyň» diylendigini gyrnaga gürrüň berýär. Ol heniz ukudaka kyrk gije-gündiz başujunda oturjak gyz bilen durmuş gurmagy äht eden eken.
  Şazada ýaňky gyrnaga garap: «Eý, düýşlerime giren gyz, meniň başujumda oturan gyz senmidiň?» diýip soraýar. Gyrnagam: «Elbetde, men» diýýär. Şol wagtam beýleki gyz gelýär. Gyrnak ony öz kenizegi hökmünde tanadýar.
Şazada uly toý tutup gyrnaga öýlenýär. Gyrnak ýaş gyza gün ýamanyny görkezýär. Ony ölüm bilen jezalandyrmagyň dürli ýollaryny gözleýär. Emma pirimi paşmaýar. Ony Lebellahy atly guduz açan kişä bermekçi hem bolýar.
Bir gün şazada gämi bilen haja gitmekçi bolýar. Ýaş gyzdan hem näme sowgat isleýändigini soraýar. Gyz «sabyr daşyny» getirmegini isleýär. Şazada oňa bugdaý dänesi ýaly «sabyr daşyny» getirip berýär.
Ýaş gyz bir gün başyndan geçenleri şol «sabyr daşyna» gürrüň berýär. Sabyr daşy gyzyň gürrüň berýän zatlaryny eşidip, çişmäge başlaýar, ahyry çat açyp döwülýär. Şazada şol pursat bolýan zatlary gapynyň açar jaýyndan seredip, görüp duran eken. Öňden bäri maňzyna batmaýan gyrnagyň eden etmişine şazadanyň diýseň gahary gelýär. Ol gyrnagy huzuryna çagyrýar, bar zadyň aýan bolandygyny aýdandan soň onuň diýenine gulak gabartman:
– Jezaňy özüň saýla! «Kyrk gatyrmy ýa-da kyrk satyr?»  – diýýär. Gyrnagyň şol haýasyzlygy diýýär:
– Üsti lagly-merjendir ýüpek, atlas ýaly gymmatbaha matalar bilen doly kyrk gatyr bilen ýurduma iber – diýýär. Onuň bu haýasyzlygyna hasam gazaplanan şazada gyrnagy kyrk gatyryň guýrugyna daňyp, her tikesini bir ýere zyňmak isleýär welin, ýaş gyz özüne söz berilmegini soraýar:
    –  Sizden haýyşym, ony öldürmäň soltanym! Oňa kyrk gatyr beriň! Olaryň üsti ýüpek, lagly-merjen doly bolsun! Goý, baran ýerinde «Soltan diýeniň şeýle bolaýsa» diýsinler! – diýýär.
   ***
Allanyň (j.j) merhemeti soňsuzdyr. Onuň bize bolan gatnaşygy biziň pesligimize, günälerimize görä däl-de, eýsem Öz şanyna, beýikligine we biziň Özi barada pikir edişimize görä boljakdyr. Gullary, bendeleri bolan bizi soltan ýaly garşylajakdyr. Hakyky soltan Oldur we «Soltan diýeniň ine, şeýle bolýar!» diýdirjekdir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s