Soltan Alp Arslan

Alp Arslan günsaýyn kämilleşýärdi. Halypalaryndan alýan söweş tälimlerini ussatlyk bilen özleşdirýän bu ýigdekçe alymlardan döwrüniň bütin ylymlaryny-da öwrenmegi ahmal etmeýärdi. Ýaňy on bäş ýaşan ýigdekçedigine garamazdan, ol serkerdelik edýän goşun topary bilen eýýäm ençeme üstünlik gazanmagy başarypdy. Onuň şol başarnyklary bütin seljuk beglerini, ylaýta-da kakasy Çagry begdir agasy Togrul begi diýseň buýsandyrýardy. 

Meşhur Daňdanakan söweşiniň üstünden dört ýyl geçipdi. Seljuklaryň üstüne täze howp abanýardy. Gaznalylar Balh şaherini yzyna gaýtaryp almak üçin uly ýörişe taýynlyk görýärdiler. Şol günler ýarawsyzlyk tapynan Çagry beg gaznalylar bilen boljak söweşde seljuk goşunlaryna ýolbaşçylyk etmegi ogly Alp Arslana ynandy. 

On bäş ýaşyndaky ýetginjek özüne ynanylan seljuk goşunyny tejribeli serkerde deýin ezberlik bilen dolandyrdy. Ol öwrenen söweş tälimlerini ussatlyk bilen ulanyp, özlerinden sany agdyk gaznaly goşunyny ýeňlişe sezewar etdi. Gazanan bu ajaýyp ýeňşinden soňra kakasy Alp Arslany Balhy we onuň töweregini goramagy ynandy. Alp Arslan abraý bilen bu wezipäniň hötdesinden geldi. Ol köp wagt geçmänkä, seljuklaryň gazanýan üstünliklerine görüplik edýän, olaryň elinden Horasany almak isleýän garahanlylary hem ýeňdi. 

Garrylykdyr hassalyk zerarly mazaly tapdan düşen hem bolsa, jeň meýdanyna gelmäge gurp tapan Çagry beg oglunyň gaznalylardan hem-de garahanlylardan üstün çykanyny hut gözleri bilen synlady. Şonda ol Alla tarapyn Alp Arslana örän ýiti serkerdelik ukybynyň berlendigine göz ýetirdi. Şol pille Çagry begde özünden soňra döwletiň başyna Alp Arslan geçse, has gowy boljakdygyna ynam döredi. 

Şondan soň köp wagt geçmänkä, keseli barha güýjän beýik serkerde Çagry beg ýetmiş ýaşynda aradan çykdy. Onuň ýerine ogly Alp Arslan Horasanyň häkimi boldy. Adalatdan we hakykatdan aýrylmaýan Alp Arslan bu häsiýetleri bilen edil kakasy ýaly halkynyň söýgüsini gazanmagy başarypdy.

Çagry begiň ölüminden üç ýyl soňra onuň dogany soltan Togrul beg hem hassalyk zerarly ebedi äleme göç etdi. Onuň wesýetine eýeren weziri Gunduri Çagry begiň uly ogly Süleýmany Seljukly döwletiniň soltany diýip yglan etdi. Emma Süleýman soltanlyga inisi Alp Arslany has laýyk görýärdi. Alp Arsany ýakyndan tanaýan beglerdir serkerdeler hem tagta Alp Arslanyň geçmegini isleýärdiler. Sebäbi Alp Arslan seljuklary dünýäde iň uly döwlet derejesine ýetirip biljek ukyp-başarnyga eýedi. Ol hemişe täze-täze arzuwlar, maksatlar bilen ýaşaýardy. Onuň bu aýratynlygyny göz öňüne tutan seljuk kethudalary, begleri, serkerdeleri bütin halk köpçüliginiň oňlamagynda hökümdar hökmünde Süleýmana däl-de, Alp Arslana gol berdiler. 

Serkerdelik ukyby, ýiti üşügi, tutanýerliligi, batyrgaýlygy bilen hemmeler tarapyndan söýülýän Alp Arslan döwlet emeldarlarynyň talaby bilen soltanlygy kabul etdi. Ol hökümdarlygynyň ilkinji gününde ylmy, paýhasy we syýasy tejribesi bilen tapawutlanýan Nyzamülmülki özüne wezir edip belledi. Çünki Togrul beg Alp Arslany Nyzamülmülk bilen tanyşdyran wagty: «Şu adamy gözden salma! Onuň ylmyndan, tejribesinden hökman peýdalan! Ol köp kitabyň gatyny agdaran dana, alym kişidir. Döwletiň başyna geçmek nesibäňde bolsa, ynamyňy ödejek weziriň bolar» diýipdi.

Alp Arslan seljuk maşgalasynyň ýaşulusy Musa Ýabguwa hat ýazdy. Hökümdar oňa ýazan namasynda: «Seljukly döwletiniň soltany hökmünde dünýäde iň beýik döwlet bolmak maksadymyza barýan ýolda tagt dawalaryna we wagtyň bisarpa ulanylmagyna düýbünden ýol bermerin. Eger kimde-kim döwletiň bitewiligine, halkyň agzybirligine zeper ýetirmäge synanyşsa, şol doganym hem bolsa aýap durmaryn. Maşgalamyzyň iň ulusy, ýaşulymyz hökmünde ak pataňyzy almaga barýaryn» diýýärdi. Soňra Alp Arslan Musa Ýabguwyň ýaşaýan şäherine ýola çykdy. Onuň bilen duşuşyp, çäksiz sylag-hormatyny görkezdi. Ýaşulusynyň gymmatly maslahatyny, ak patasyny aldy.

Şol günler Süleýman soltan Alp Arslana hat ýollady. Ol ugradan hatynda şeýle diýýärdi: «Doganym! Şeksiz-şüphesiz, bu tagta sen menden has laýyk. Çagry beg diri bolsady, ol hem muny goldardy. Sende döwletimizi öňde goýan maksatlarymyza ýetirjek çuňňur pähim-paýhas bar. Gunduri wezir wesýeti ýerine ýetirmek üçin meni tagta oturtdy, emma tagtyň hak eýesi sen. Allanyň hemaýaty bilen seniň baştutanlygyňda şanly taryhymyza täze ýeňiş sahypalarynyň goşuljakdygyna güwä geçip bijek».

Alp Arslan Togrul begiň döwründen bäri hökümdarlygyň yşkynda gezip ýören Gutalmyş begiň hiç kime boýun egmän, özbaşdak hereket edýändiginiň habaryny aldy. Ol Gutalmyş begiň ýaşynyň ululygyna, söweşlerde görkezen edermenligine we harby zehinine uly hormat goýýardy. Şonuň üçin Alp Arslan Gutalmyş bege hat ýollady. Ol hatynda bege uly hormat goýýandygyny, ýüreginde oňa ýagşy niýet besleýändigini nygtaýardy. Soltan gepleşik geçirmek üçin iň ýakyn adamlaryny Gutalmyş begiň ýanyna iberdi. Ondan hormatly ornuny, abraýyny goramagyny, döwletiň bölünmegine eltip biljek pitneden ýüz öwürmegi haýyş etdi. Emma Gutalmyş beg hiç kime gulak asman, ilki bilen Süleýmanyň üstüne ýöriş edip, onuň wezir Gunduriniň ýolbaşçylygyndaky goşunlaryny derbi-dagyn etdi. Ol özüniň tejribesine bil baglaýardy. Alp Arslanyň hem hötdesinden gelip bilerin öýdýärdi. Şol sebäpli Gutalmyş beg Alp Arslanyň parahatçylykly ylalaşmak baradaky teklibini ret etdi.

Döwletiň güýjüniň sarsylmagyna hiç hili ýol bermek islemeýän Alp Arslan tizden-tiz Gutalmyş begiň üstüne ýöriş etdi. Damganyň töweregindäki Milh (duz) jülgesine geldi. Soltan Alp Arslanyň şeýle tiz hereket etjegi oýuna-da gelmeýän Gutalmyş beg aljyraňňy ýagdaýa düşdi. Ol duzlu jülgäni suwa basdyryp, bu ýeri batgalyga öwürmek isledi. Maksady Alp Arslanyň söweş güýjüni syndyrmak hem-de wagt utup, öz goşunyny tertibe salmakdy. Emma Gutalmyş begiň söweşe heniz taýyn däldigini aňan Alp Arslan derrew batgalygy aşyp, hüjüme geçdi.  Duýdansyz üstüni basdyran Gutalmyş beg kyn ýagdaýa düşdi. 

Gutalmyş begiň tejribesi Alp Arslana Alla tarapyn berlen söweş başarnygyndan pes geldi. Ol Alp Arslanyň edýän güýçli hüjümleriniň öňünde durup bilmejegine göz ýetirip, gaçmak bilen boldy. Ýöne aty büdräp ýykyldy. Şol ýykylyşyna-da jan berdi. Alp Arslan güýç bilen häkimiýeti almak islän agasynyň ölümine gynanyp aglady. Ony uly dabara bilen Reý şäherindäki Togrul begiň guburynyň ýanynda jaýlady. Şeýlelik bilen, Gutalmyş begiň Togrul beg döwründen bäri dowam edýän tagt dawasy netijesiz tamamlandy. 

Soltan Alp Arslan Gutalmyş begiň ýesir düşen ogullaryna teselli berdi, olaryň göwnüni tapdy. Süleýmany, Mansury we beýleki doganlaryny Anadolunyň doly eýelenmegi üçin olary Wizantiýanyň serhet ýakasyna, Urfa sebitlerine gönükdirdi. Şeýlelikde, soltan gysga wagtyň içinde döwletde agzybirligi we adalaty ýola goýdy. 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s