Soltan Alp Arslanyň eden ýörişleri

Soltan Alp Arslan ýurtda diňe bir ylym-bilimi ösdürmek bilen çäklenmeýär. Ol garyp-gasarlaryň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy üçin hem elinden gelenini gaýgyrmaýar. Köşgünde her gün mal soýduryp, garyplara et paýlaýar. Pukara maşgalalara kömek puluny belläp, işsizleri  iş bilen üpjün edýär. 

Ine, şeýle ägirt hyzmaty bilen il-halkyň söýgüsini gazanan soltan Alp Arslan şol bir wagtyň özünde goşunyny güýçlendirip, Anadoluny eýelemegiň kül-külüne düşýär. 

Anadola eýe bolmak üçin ilki bilen Ani galasy alynmalydy. Seljukly goşuny Ermenistanyň iň uly, iň berk galasy bolan Ani galasynyň daşyny gabaýar. Edilen islendik hüjümiň öňünde durup biljek berk diwarlary, güýçli goragy bolan Ani galasy «Mizemez gala» diýip atlandyrylýardy. Sebäbi galanyň çar tarapy uçut gaýalar bilen gurşalandy. Üç tarapyndan Arpa çaýy akyp ýatyrdy. Geçelge üçin goýlan bir tarapyna-da garym gazylandy. Galadan onuň islendik tarapy eliň aýasy ýaly görünýärdi. 

Sebitdäki bütin ermeniler Ani galasyna ýygnanýar. Olara iki sany gürji generaly hem kömege gelýär. Soltan Alp Arslan galanyň söweşsiz berilmegini talap edýär. Ermeniler bu teklipden ýüz öwrensoň, soltan daş zyňýan manjynyk bilen galany ýumurmaga başlaýar. Agyr çaknyşyklar bolýar. Ahyrynda seljuklar diwarda açylan gädikden galanyň içine girýärler. Gürji generallary seljuklaryň öňünde durup bilmän, yza, içki kiçi gala çekilmeli bolýar.

Gylyjydyr gürzüsini dynman işledýän soltan Alp Arslan esgerlerini ýeňşe ruhlandyrýardy. Seljuklar içki galanyň derwezesine öňüne gelenlerinde, galany goraýjylar olaryň üstüne gyzgyn ýag eňterýär. Gözüniň alnynda gyzgyn ýaga ýanyp şehit bolýan esgerlerini gören Alp Arslan Alla ýalbarmaga durýar: «Eý, Allam! Esgerlerim bilen seniň ýoluňda söweşýän! Özüň bilýäň, niýetim dogrudyr, maňa  kömek et! Öz ýoluňda söweşýän esgerleri gora! Eý, Beýik Rebbim! Seniň her bir emriňe, Seniň ýazan ýazgydyňa boýundyrys!»

Soltan dilegini bitirip, elini ýüzüne sylany hem şol welin, içki galanyň diwarynyň bir bölegi gürpüldäp ýykylýar. Alp Arslan esgerleri bilen emele gelen gädikden içeri girip, duşmanlary paýhynlap ugraýar. Soltan şol ýerde bezemen eşikli iki sany serkerdä pete-pet gelýär. Sowutly serkerde Alp Arslana gazap bilen garap:

– Meniň gylyjymdan ölmäge gelen ýene bir türkmen – diýip hüjüme geçýär. Alp Arslan onuň zarbasyny yzyna serpikdirýär:

– Siz gylyç işletmegi bilýäňizmi näme?! Diňe ýokardan gyzgyn ýag dökmegi oňarýaňyz!

Inderen urgusynyň yzyna serpikdirilenine geň galan serkerde:

– Gynansaňam, şöhrat gazanmanjyk geçersiň – diýip, ikinji ýola topulýar. Onuň bu urgusynyň garşysyna-da ussatlarça emel ulanan Alp Arslan:

– Men kim bilen gylyçlaşýaryn? – diýip soraýar. Gazaby soňky hetdine ýetip, bar güýjüni jemläp, ýene bir gezek topulan serkerde:

– Sen gahryman general Laridiň gylyjyndan ölersiň – diýýär. Garşy hüjüme geçen Alp Arslan duşmanyny yza tesdirýär:

– Onda ýagdaýlar üýtgeýär. Derrew bu tutluşygy bitireýin, ýogsam, dostuňa nobat ýetmez.

General ädim ogurlap, yza bakan süýşüp barşyna:

– Gylyjyňam diliň ýaly ýitije eken – diýip-diýmänkä, ýere ýazylýar. Iňňildäp ýatyşyna, elini ganly garnyna ýetirýär. Dostunyň ýaralananyny gören beýleki serkerde Alp Arslan bilen gylyçlaşyga girýär. Şol wagtyň özünde-de daş-töweregine garanjaklap, janhowluna:

– Ýetiň! General Larid ýaralandy – diýip gygyrýardy. 

Şol barmana Alp Arslan bir gapdala towsup, duşmanyň elindäki gylyjyny urup, ýere gaçyrýar-da gürzüsini onuň depesinden inderýär. Şeýdip, soltan ikinji serkerdäni hem galmaz ýaly edýär. Ol ellerini daldaladyp, aman soraýan serkerdelere:

– Gorkmaň! Bizde aman diläne gylyç göterilýän däldir. Söweşen türkmeniňizi tanamak isleseňiz, meniň adym Alp Arslan – diýip, özüni tanadýar.

Generallar daş-töwerege garanjaklaýarlar, emma kömek soramaga adam tapylmaýar. Sebäbi olara kömek etjek hiç kim galmandy. Içki galadaky galan esgerleriň hemmesini şäheri eýelemek üçin dünýäni unudyp söweşen seljuklar tarapyndan ýesir alynýar.

Karsyň ermeni koroly Gagik Ani galasynyň synandygyny eşidip, soltan Alp Arslana hat ýollaýar. Şol hatda onuň seljuklaryň golastyna girýändigi beýan edilýärdi. 

Bu ýeňiş Anadolunyň seljuklar tarapyndan eýelenmegini aňladýan ilkinji alamatdy. Armagy, ýadamagy bilmeýän soltan Alp Arslan alyp baran söweş hereketleri bilen Türkistandan tä Yraga çenli aralykda ýerleşýän ýigrimi dört welaýaty döwletiniň topraklaryna birikdirýär.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s