Seljuklar Anadola ýaýylýarlar

Alp Arslanyň kalbynda uly maksatlar besleýärdi. Ol Müsüri hem eýeläp, bütin Yslam topraklaryny Seljukly döwletiniň baýdagy astynda jemlemek isleýärdi. Başga bir maksady bolsa, bütin Anadoluny eýeläp, Allanyň beýik adyny deňizleriň aňry kenarlaryna çenli ýaýmak isleýärdi. Türkmen begleri hut şu niýeti esas tutunyp, Anadola yzygiderli ýörişler guraýardylar.

Şol wagtlar Wizantiýa imperiýasy öz içinde dörän bulagaýlyklar bilen başagaýdy. Käbir şazadalar imperatora baş göterýärdiler. «Tekfur» diýlip atlandyrylýan imperatoryň ýerlerdäki dikmeleri merkezden gelýän buýruklary diňlemeýärdiler. Halka ezýet baryny edýärdiler.

Topraklaryny seljuklardan goramak maksady bilen gelýän Wizantiýa goşunlary hem halka zulum edýärdi. Olar ermenileri, gürjüleri we beýleki halklary diýdimzorluk bilen özlerine uýgunlaşdyrmak isleýärdiler. Esgerler halkyň elinden iýjegini-içjegini gaňryp alýardylar. Anadoludaky ermeni we surýaniler hem oba-şäherleri talaýan bu wizantiýaly esgerleri ýigrenýärdiler. Öz halkyna zulum edýän goşun neneň edip, seljuklaryň garşysyna çykyp bilsin?! Gündogar Anadolunyň käbir ýerleri aňtaw maksatly edilen ýörişleriň netijesinde bireýýäm eýelenipdi. 

Soltan Alp Arslan Erjiş, Ahlat we Malazgirdi alyp, günorta-gündogara tarap ýöneldi. Ol Diýarbekiriň töweregindäki galalary hem eýeläp, Siriýa ýetende, Afşin begden Wizantiýanyň imperatory Roman Diýogeniň Malazgirdi yzyna alandygy, halkyň ýarysyny gylyçdan geçirendigi barada hat aldy. Imperator Diýogeniň maksady Wizantiýany düşen çykgynsyz ýagdaýyndan halas edip, türkmenleri Anadoludan doly kowup çykarmakdy. Bu niýetini amala aşyrmak üçin bolsa slawýan, bolgar, gypjak, frank, kuman, oguz we peçeneklerden düzülen iki ýüz müň adamdan ybarat goşun döretdi. 1071-nji ýylyň mart aýynda Konstantinopoldan ýola çykan goşun Anadolunyň içi bilen süýşüp başlady. Gana suwsan imperator öňünden çykany kerçäp barýardy. Ol Siwasda ermenileri gylyçdan geçirdi. Soltan Alp Arslan hem haýal etmän, Siriýadan gündogar Anadola tarap hereket etdi. Afşin beg soltana ýollan soňky hatynda Wizantiýa goşunlarynyň Anadoludaky ýarag ammarlarynyň bir bölegine zeper ýetirendigini, wizantiýalylaryň sanynyň köplügine aldanmaly däldigini, bu goşunyň dürli milletlerden düzülendigini, aralarynda agzybirligiň ýola goýulmandygyny ýazýardy. 

Wizantiýalylaryň düzümindäki hakyna tutma esgerler ýeser ýerde söweşden ökje ogurlaýardylar. Ermeniler bilen gürjüler bolsa seljuk türkmenleri bilen dostlukly gatnaşygy ýola goýmak isleýärdiler. Oguz we peçenek hristiýan türki taýpalar hem Wizantiýanyň goşunyndan bölünip aýrylmagyň öň ýanynda durdy.

Afşin beg Wizantiýanyň aňtawçy goşunyny derbi-dagyn edip, serkerdelerini ýesir alandygyny Alp Arslana buşlady. Ol hatynda Wizantiýanyň dagynyk, başly-barat goşunynyň yslam dinini dünýäniň çar tarapyna ýaýmagy ýeke-täk maksat edinen agzybir seljuk goşunynyň öňünde durup bilmejekdigini aýdýardy. 

Alp Arslan duşmanyň ähli pirimlerini puja çykarjak tizlik bilen hereket edip, Halabyň, Mardiniň, Diýarbekiriň, Bitlisiň üsti bilen goşunynyň merkezi bolan Ahlata geldi. Oňa garaşýan Afşin beg Wizantiýa goşuny barada soňky maglumatlary berdi. 

Ömründe namazyny kaza goýmadyk soltan Alp Arslan şol gün ertir namazyny aýratyn hözir bilen okady. Soňra atlanyp, töwerek-daşy esewan etmäge çykdy. Aýlanyp, serenjam berip ýören soltanyň gulagyna agy sesi eşidildi. Şol tarapa ýönelen Alp Arslan bir çetde horkuldap aglap oturan goja esgere duşdy. Alp Arslan ondan näme üçin aglaýandygynyň sebäbini soranda, garry urşujy oňa garap:

– Men söweşe gatnaşmak isleýärin. Emma garrandygym üçin serkerdäm meni boşatdy. Meniň bolsa, bu söweşe gatnaşyp, ýa şehit ýa-da gazy bolasym gelýär. Soltanymyň baýdagy astynda duşman bilen garpyşmak meniň üçin iň uly mertebe ahyry! Häzir welin meni şolar ýaly uly sogapdan mahrum etdiler – diýdi. Gojany diňläp duran soltan:

– Sen soltany tanaýarmyň? – diýip soranda, garry esger başyny ýaýkady:

– Meniň soltanym Allanyň şiri hezreti Aly ýaly güýçlüdir. Öwliýä-pirler ýaly halatly adamdyr – diýip, täzeden aglap başlady. Alp Arslan bu gojanyň göwnüni awlamak üçin onuň serkerdesini ýanyna çagyrdy. Serkerde soltana ýüzlenip: 

– Aýdýanlary dogrudyr. Tapdan gaçandygy üçin ony hatarymyza almadyk – diýdi. Serkerdäni diňlän Alp Arslan oňa şeýle tabşyryk berdi:

– Aslynda, harby taýdan dogry edýärsiňiz. Emma söweşe gatnaşmak isleýän bolsa bir emmasy, hikmeti bardyr. Kim bilýär, goşunymyzyň güýji şunuň ýaly goja gazylarda bolsa nä bilýäň?! Ägä bolmak gerek. Gözümiz bizi aldawa salyp biler. Wizantiýanyň imperatoryny bu goja esgeriň ýeke özüniň ýesir almajagyna kim güwä geçip biler?! – diýip, goja gazyny goşuna almagy tabşyrdy.

Soltan Alp Arslan sussupes goşun bilen söweşde ýeňiş gazanyp bolmajagyny oňat bilýärdi. Şonuň üçin hem töweregine gözsüz batyr, edermen ýigitleri ýygnady. Soňra özara ylalaşygy teklip etmek üçin aralarynda Yslam halyfynyň wekili bilen Saw Tekin hem bolan ilçileri imperatoryň ýanyna ugratdy. Alp Arslanyň esasy maksady gandöküşikligiň öňüni alyp, parahatçylygy ýola goýmakdy. Şol wagtyň özünde soltan Wizantiýanyň goşunynyň sanyny hem bilmek isleýärdi. Hawa, söweşden öňürti parahatçylygy teklip etmek yslam dininiň ilkinji şertleriniň biridi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem söweşiň bosagasynda duran hem bolsa, hökman parahatçylyk bilen düşünişmegi teklip edýän eken. Muny oňat bilýän soltan Alp Arslan hem her meselede bolşy ýaly, söweşde serkerdelik etmekde-de pygamberimizi nusga edinýärdi. Oňa görä söweş iň soňky ýüz urulmaly çäredi. Parahatçylygy saklamak üçin mümkin bolan ähli ýollary synap görmelidi.

Goşunynyň sanynyň köplügine buýsanýan imperator Alp Arslanyň parahatçylyk teklibini bütinleý ret etdi. Gorkusyna ilçilerini iberendir öýtdi. Yeňiş gazanjagyndan arkaýyn imperator gelen ilçileri äsgermezçilik etdi. Ilçileriň baştutany, Alp Arslana ýarag tutmagy öwreden halypasy Saw Tekin Roman Diýogen bilen gepleşigini soltanyň iberen salamy bilen başlady: 

– Hökümdarymyň salamyny we parahatçylyk teklibini getirdim siziň aly hezretleriňiz! 

Diýogen ilçilere perwaýsyzlyk bilen garady:

– Heý-de, paç tölemän parahatçylyk baglaşylan ýerini gördüňizmi? Wizantiýanyň beýik imperatoryna paç tölemän ylalaşyk gazanjak bolýaňyzmy? Siriýä giden ilçilerim soltanyňyza düşündirip aýdandyr ahyry?!

Imperatoryň sözüni Saw Tekiniň pert jogaby böldi:

– Imperator hezretleri! Biz hiç kime paç tölemeýäris. Seljuklar diňe parahatçylykly gatnaşýan dostlaryna we laýyk görýän kişilerine serpaý ýapýandyr. 

Bu sözlere Diýogeniň girre gahary geldi:

– Gidiň-de, soltanyňyza aýdyň! Anadoluda alan topraklaryňyzy yzyna berip, gaýdyp gelmez ýaly bu ýerlerden gitseňiz, pajyňyzy-da töleseňiz, belki, siz bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşaryn.

Saw Tekin:

– Bu şertlerde hiç hili parahatçylyk bolup bilmez – diýdi. Imperator Saw Tekine hemleli ýüzlendi:

– Sen ilçimi ýa soltan?! Seniň wezipäň meniň sözümi hökümdaryňa ýetirmek. 

– Men – ilçi! Ýöne soltanymyň nämäni kabul edip-etmejegini gowy bilýärin! 

– Hä, onda biz bu gyşy paýtagtyňyz Yspyhanda geçirýäris-dä! Atlarymyzam Hemedanda dynç alar. Parahatçylyk şertnamasyny bolsa Reýde baglaşarys. Şeýle dälmi?!

– Atlaryňyzyň Hemedanda gyşlamagy mümkin, ýöne siziň nirede gyşlajagyňyzy welin, bilmedim.

Saw Tekiniň bu jogabyndan soň taraplaryň arasyndaky dartgynlyk ýetjek derejesine ýetipdi. Imperator soňky sözüni aýtdy:

– Maksadym, kuwwatly goşunym bilen türkmenleri Anadoludan kowup çykarmak. Şertnamaňyza pitiwa-da edemok. Soltanyňyz nirede boýun egerkä?! Şony bilesim gelýär. Onuň ýerinde bolan bolsam, wagt ýitirmän çadyrlarymy söküp, bu ýerlerden garamy saýlardym.

Ylalaşygyň bolmajagyna göz ýetiren Saw Tekin wekiliýeti bilen yzyna gaýtdy. Şol bir wagtyň özünde ol duşmanyň dürli milletlerden düzülen dagynyk goşynyny hem synlap ýetişdi. 

Alp Arslan ilçileri kowlup goýberilenden soň gepleşik geçirmegiň hiç hili netije bolmajagyna göz ýetirdi. Dessine söweşe taýynlyk görüp başlady. Duşman indi görülmeli ýagy däldi. Iki tarapyň aňtawçy goşuny Ahladyň ýanynda çaknyşypdylar. Şonda wizantiýalylar ýeňlişiň ajysyny dadyp görüpdi.

Soltan Alp Arslanyň, takmynan, elli müň adamlyk goşunynyň iň gowy aýratynlygy, her bir esgeriniň ilki Alla, soňra-da soltana mäkäm baglylygydy. Seljuk türkmenleriniň goşunynda öň Anadola birnäçe gezek çozuşlar eden, bu ýerleriň otuna-suwuna belet şazadalar, emirler, begler bardy. 

Alp Arslan serkerdelerini ýygnap, maslahat etdi. Olaryň her birine iň soňky tabşyryklaryny berdi. Soltany nädeniňde güýji özlerinden birnäçe esse agdyk bolan duşmany az zyýan bilen ýeňip boljakdygy aladalandyrýardy. Durky bilen dinine bagly bolan soltan hormat goýýan buharaly din alymy Nasr Muhammede boljak söweş hakynda pikirini sorady. Ol hem:

– Soltanym! Sen Beýik Allanyň üstün kylan hak dini bolan Yslam dinini ýaýmak üçin göreşýärsiňiz. Yslam dinine yhlas bilen hyzmat edýärsiňiz. Külli musulman älemi siziň üçin dileg edýär. Hemmeler siziň gazanjak ýeňşiňize garaşýar. Juma güni mukaddes gün. Juma namazyndan soň duşmanyň üstüne at salyň! Beýik Allanyň size şanly ýeňşi peşgeş etjegine ynanýaryn – diýip dileg etdi.

Alp Arslan çagalygyndan dinine bolan çuňňur söýgi bilen ýetişipdi. Ol Yslam dinini, milletini juda söýýärdi. Başga dine uýýanlara hem hormat goýýardy.

Alp Arslan her wagtky edişi ýaly juma güni säher bilen ertir namazyny, yzyndanam Kurany Kerim okady. Alny seždede wagty Yslamyň sanjagynyň hasam beýgelmegi we musulmanlara hemaýat etmegi üçin aglaý-aglaý Beýik Alladan dileg-doga etdi. Ap-ak eşik geýen soltan Alp Arslan ýanyndakylara «Ine, meniň kepenim! Eger şehit bolsam, meni şu durşuma jaýlaň!» diýdi. 

Alp Arslan Anadoluny eliniň aýasy ýaly bilýän Süleýman şanyň, Afşin begiň, Artyk begiň we Tug Tekiniň tekliplerini makullap, goşunyny Malazgirdiň esasy merkezinde ýerleşdirdi. Çadyryny hem bir deräniň ýanynda dikdi. Daş-töweregi arkaýyn synlap bolýan depeleri-de saýlama beglerine, serkerdelerine berdi. Wizantiýalylaryň ýene-de bir aňtaw topary ele salyndy.

Afşin beg ýarygije Wizantiýa gulluk edýän peçenek we oguz türki taýpalarynyň serkerdeleri bilen gizlinlikde duşuşdy. Afşin begiň goragçylarynyň baştutany Emir Saltyk Afşin begiň yzyndan galman, türkmenleriň düşlän ýerlerinde gezip ýören birnäçe adamdan şübhelenip, olary tussag etdirdi. Bular Afşin begi öldürmek isleýän Wizantiýanyň jansyzlary bolan ruslardy. Bu jansyzlar söweş gutarýança saklandy we söweşden soň günäleri geçilip, boşadyldy. 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s