Malazgirt söweşi

Juma namazy karargähiň düşelgesinde külli goşun bolup okaldy. Soltanyň baştutanlygynda alymlar «Fatiha» we «Fetih» sürelerini okadylar. Ýeňiş üçin dileg edildi. Soltan Alp Arslan dileginde «Eý, Beýik Allam! Seniň diniňe çyn ýürekden hyzmat etmegi nesip et! Bizi ýeňşe ýetir! Bu ejiz guluňy hem Beýik Yslam dininiň ugrunda şehit eýle!» diýdi. Ol söweşmek üçin däl-de, şehit bolmaga gelen ýalydy. Soňra-da esgerlerine ýüzlendi:

– Ýigitlerim! Bu söweşde hökümdar däl-de, siziň biriňiz ýaly esger bolup söweşjekdigimden birjigem sübhäňiz bolmasyn! Soltanlary ýaradan hem Alladyr. Onuň öňünde hemme kişi deňdir. Ok-ýaýdyr naýza bilen däl, gürzi, gylyç bilen garpyşjak. Gorkup, ajaly yza tesdirip bolmaz. Ýüreginde gorkusy bolanlar öýlerine gaýdyp bilýändir. Eger şehit bolsam, üstümdäki şu ak kepenim bilen jan beren ýerimde jaýlaň! Oglum Mälik şanyň emirlerine boýun boluň!

– Sag we çep ganatdaky beglerim! Bukuda ýatan serkerdelerim! Örän ünsli boluň!

– Duzak gurmaly atly goşun wagty-sagady gelende, ilki duşmany oka tutar! Soňra dessine aýlanyp gelip, olaryň daşyny gabar! Duşmanyň sanynyň köplügine seretmäň! Olaryň arasynda agzybirlik ýok. Ýeňiş gazanmaga ynamy bolan, sazlaşykly hereket edýän az sanly goşunyň köp sanly goşuny ýeňlişe sezewar edişine bolsa taryh şaýat. Wizantiýanyň goşun bölümleri biri-birinden üzňe hereket etmäge başlar. Şol pursatdan ýerlikli peýdalanmak gerek. 

– Wizantiýalylaryň arasyndaky hristiýan türki taýpalar bolan peçenek we oguzlar bilenem arabaglanyşyk saklaýarys. Imperatoryň mejbur etmegi bilen mezhepleri üýtgedilmek islenilýän ermeniler, surýaniler, gürjüler hem Wizantiýanyň goşunynyň hataryndan çykyp biler. 

– Siziň bu gaýduwsyzlygyňyz, batyrgaýlygyňyz Allanyň rugsady bilen duşmany ýeňmäge ýeter. Ata-babalarymyzyň uly çaknyşyklarda ulanan turan tilsimi söweş syrymyzdyr!

Bu täsirli sözler seljuk goşunlarynyň ruhuny galkyndyrdy. Şol wagt hem soltanyň iberen aňtawçy topary gaýdyp geldi. Alp Arslanyň ýanyna ylgap gelen esger habaryny berdi:

– Soltanym, üç ýüz müňe golaý duşman bize tarap ýetip gelýär!

Soltan arkaýynlyk bilen ýylgyrdy:

– Goý, ýakynlaşsyn! Bizem olara ýakynlaşýarys.

 Wagt tüýs öýläniň gündizi diýlenidi. Iki goşun bir-birine örän golaý geldi. Seljuk goşunynyň arasynda penşenbe gününden bäri belent ses bilen tekbir getirilip, Kurandan «Fetih» süresi we beýleki aýatlar, dileg-dogalar okalýardy. Esgerleriň ruhuny joşdurmak üçin deprekler, kernaý-surnaýlar çalynýardy. Bu ýagday wizantiýalylaryň ýüregine gorky salyp, injiklerini sandyradýardy. Duşman ukusyz, çekinjeň we geň galyjylyk bilen seljuklary synlap durdy. Poplar, keşişler wizantiýaly esgerleriň üstüne suw damjalaryny serpişdirip, wagtal-wagtal dini dabaralarda aýdylýan kilise dogalaryny aýdýardylar.

Garşydaşlaryndan hiç hili hereket bolmansoň, soltan Alp Arslan «Allahu ekber!» diýip, duşmana tarap at goýdy. Soltanyň yzyndan bütin seljuk goşuny gylyçlaryny syryp, duşmanyň üstüne okduryldylar. Öňden tabşyrylyşy ýaly, atly okçular duşmanyň merkezindäki imperatory goraýan saýlama goşunyň üstüne çozdy. Edil şol wagt duşman goşunynyň sag we çep ganatlarynda öň hatarda duran atly toparlar seljuklaryň hataryna goşulmak üçin wizantiýalylardan bölünip gaýtdy. Bular söweşiň öňüsyrasynda Afşin bege söz beren peçenek we oguz taýpalarydy. Söweş başlaly bäri peçeneklerdir oguzlar musulman nesildeşleriniň gaýratyndan we söweş tilsimlerinden örän täsirlenipdiler. 

Duşman garşylyklaýyn hüjüme geçdi. Imperator bu hüjümi goşunynyň ruhuny götermek üçin edýärdi. Alp Arslan häliden bäri duşmanyň bu hereketine garaşýardy. Onuň maksady imperatoryň duran merkezi goşunyny öz üstüne çozduryp, olary ýerinden daşlaşdyrmakdy. Soltan duşman bilen gylyçlaşyp goranyşyna, amatyny peýläp, ýuwaşlyk bilen yza çekilýärdi. Şol barmana ermenileriň hem wizantiýalylardan aýrylyp, söweş meýdanyny terk edendikleri barada habar geldi. 

Soltan merkezde ýerleşdiren çaklaň atly goşuny bilen garşylyklaýyn hüjüme geçdi. Yzyndanam aljyrap gaçan kişi bolup, esgerleri bilen ýene-de yza çekildi. Şeýdip, duşmanyň merkez goşunyny yzyna tirkäp alyp gaýtdy. Soltan Alp Arslan duşmany goşunynyň sag we çep ganatlary bilen gurşawa alyp, gabawa düşürmek isleýärdi. 

Alp Arslan gitdigiçe yza çekilýärdi. Imperator hem seljuklar güýçden gaçandyr öýdüp, şol kowalap barýardy. Alp Arslan bukuda ýatan esgerleriniň deňine çenli yza çekildi. Diýogeniň merkezden esli uzaklaşanyny görüp, birdenkä yzyna döndi-de, garşylyklaýyn hüjüme geçdi. 

 Seljuklar «Alla» diýip, dört tarapdan duşmanyň üstüne at goýdular. On müňlerçe duşman esgeri gabawa düşdi. Bu ajaýyp söweş tilsimi seljuklaryň öňden bäri ulanýan turan usulydy. Esgerleriň «Ýa Alla!» diýip gygyrýan sesleri gök gümmürdisine meňzeýärdi. Gylyçlaryň jarkyldysyndan çykýan uçgunlar atlaryň nalynyň ýalpyldysyna goşulyşyp gidýärdi. Göýä söweş meýdanyna gyrmyzy düşek örtülen ýalydy.

Bukuda garaşyp duran esgerler duşmany ilki oka tutdular. Soňra haýal etmän, olary gabawa saldylar. Soltanyň duýdansyz hüjüme geçmegi duşmanlary aljyraňňylyga saldy. Wizantiýanyň iki ýüz müň adamly goşunynyň arasyna howsala aralaşdy.

Bir elinde gylyjy, bir elinde gürzüsi bilen adaty esger ýaly söweşip ýören soltan Alp Arslan: «Bar güýjüňiz bilen duşmanyň üstüne topulyň!» diýip, şir ýigitlerini ruhlandyrmagy hem ahmal etmeýärdi. Çagalykdan bäri Alp Arslanyň ýakyn dosty bolan Aý Tekin hökümdaryň duşman bilen başa-baş söweşip ýörmeginden heder etdi. Ol atyndan düşüp gelip, Alp Arslana ýüzlendi:

– Soltanym, Allanyň haky üçin bes ediň! Söweş başlaly bäri ýönekeý esger ýaly janyňyzy gaýgyrman söweşip ýörsüňiz! Edermenligiňiz wizantiýalylaryň ýüregine wehim salýar. Şol bize ýeter. Allanyň haky üçin musulmanlara haýpyňyz gelsin soltanym! Bu goşuny başsyz goýup gitjek bolýaňyzmy? 

Şonda soltan Aý Tekine şeýle diýdi:

– Bu gün men soltanam däl, hökümdaram. Menem siziň ýaly adaty esger. Alla kysmatyma näme ýazan bolsa şol bolar. Bilýärin, gözsüz batyrlyk etmek mertlik däl, emma ätiýajy-da elden beremok. Bu gün abraý, mertebe gazanylýan gün. Gaýrat bizden, kysmat Alladan. Bilip goý, ätiýaçly bolmak kysmata täsir etmez. Biz Alla boýun bolan gullar. Bu jan tende amanatdyr. Wagty geler, amanadymyzy Eýesine abraý bilen tabşyrarys. Haçan bu zalym, tekepbir kowmy boýun egdirerin, şonda arkaýyn oturaryn. 

Alp Arslan şeýle diýip, Aý Tekini we töweregindäkileri gaýrata getirdi. Onyň bu gaýduwsyz hereketi bütin goşunyň ruhuna ruh, güýjüne güýç goşdy. Ätiýajy eklden bermeýän Aý Tekin soltanyň kölegesi ýaly bolup, ony gorajak bolýardy. 

Imperator Diýogen göýberen ýalňyşlygyna garaňky gatlyşan çagy düşünip galdy. Haýal etmän, goşunynyň çep ganatyny kömege çagyrdy. Ýöne seljuklar muňa ýol bermedi. Roman Diýogen bu duzakdan çykmak üçin yza çekilmeli diýen buyruk berdi. Emma eýýäm boljak iş bolupdy. Käbir serkerdeleriniň söweş meýdanyny taşlap gaçmagy duşmany bütinleý ruhdan düşürdi. Şeýlelikde, wizantiýalylaryň sag ganaty Süleýman şa bilen Afşin begiň, çep ganaty Mälik şanyň, Emir Saltygyň we Artyk begiň baştutanlygyndaky seljuk goşunlary tarapyndan derbi-dagyn edildi. 

Bu jeňde bolan haýran galdyryjy wakalaryň biri bolsa, Roman Diýogeni ýesir alan gahryman soltan Alp Arslanyň buýrugy bilen söweşe gatnaşmaga rugsat berlen hälki garry esgerdi. Bu Alp Arslanyň ruhy dünýäsinden habar berýärdi.

Gabawa düşen wizantiýalylaryň köpüsi gylyçdan geçirildi, gaçyp bileni gaçdy, gaçyp ýetişmedikleri-de ýesir düşdi. Soltan Alp Arslanyň sarsmaz imany, hyjuwy, erk-eradasy we serkerdelik ukyby göýä dileg-doga bolup Arşa galypdy. Bu ýeňiş Allanyň rugsady bilen ýarym günde gazanylypdy. 

Malazgirtde Allanyň adyny ýaňlandyran seljuklar örän möhüm ýeňiş gazanypdylar. Emma soltan Alp Arslanyň ýüzünde bir tukatlyk bardy. Ol bir tarapdan musulman seljuk türkmenleriniň gazanan bu ýeňşine begenip, Rebbine şükür edýän bolsa, beýleki tarapdan Allanyň ýolunda şehit bolmandygyna gynanýardy. 

Wizantiýanyň goşuny şol döwrüň iň uly ýaragy bolan, bir müň iki ýüz adam tarapyndan dolandyrylýan äpet daş zyňyjy manjanygyny we beýleki agyr ýaraglaryny ulanmaga pursat tapmady. Iki ýüz müň adamlyk duşmanyň elli müň adamly seljuk türkmenlerinden ýeňilmegi tötänlik bolman, eýsem Allanyň bagyş eden yhsanydy. 

Gazanylan ýeňşe säbäpler we şertler jähetinden seredilende, duşmanyň sag we çep ganatlaryndaky peçenekler hem-de oguzlar seljuk türkmenleriniň hataryna goşulypdy. Imperator tarapyndan äsgerilmeýän, özlerine ynanylmaýan ermeni goşuny bolsa wizantiýalylaryň hataryndan çykypdy. Ätiýaçdaky goşunyň başynda duran şazadalar hem soňra söweş meýdanyny terk edipdi. Roman Diýogen generallaryny diňlemändi. Ol gedemligi, garşydaşyny äsgermezligi, üstesine-de söweşde goýberen ýalňyşlyklary bilen öz aýagyna palta urdy. 

Ýesir düşen imperator soltanyň huzuryna çykaryldy. Alp Arslan ony ýerinden turup garşy aldy. Soňra ýerine geçip oturyp, onuň bilen gürrüň etdi. Ellerini çözdürip, göwünlik berdi:

– Saňa ilçi ugratdym, kabul etmediň. Ýurduňa dolan diýip habar ugratdym, etmediň. Gaýtam maňa: «Yslamyň topraklaryny eýelemän yzyma dönmerin» diýip jogap gaýtardyň. 

Imperator ýüzüni aşak saldy:

– Hemme aýdanlaryň dogry. Men şu wagt seniň ýesiriň. Meni günäkärleme-de näme etjek bolsaň et! Şu ýagdaýymda üstümden gülüp, ýaňsylap hem gürläp bilersiň!

Alp Arslan:

– Eger sen ýeňiş gazanan bolsaň, maňa näme ederdiň?! – diýip sorady. Imperator:

– Iň agyr sütemleri ederdim. Seni zynjyrlap, ähli ýere aýlap masgara ederdim – diýdi. Soltan imperatoryň ýüzüne garady:

– Sen dogryňy aýtdyň. Indi sen menden nämä garaşýarsyň?!

– Elbetde, meni öldürip bilersiň. Bu gaty aňsat, emma bu gassaplaryň işi. Ýa bolmasa, meni zynjyrlap, il içinde aýlap, masgaralabam bilersiň. Bu hem seniň ýüregiňi köşeşdirip bilmez. Üçünji edip biljek zadyň seniň mertebäňi beýgelder. Emma muny etmejegiňi bilýändigim üçin aýdybam oturjak däl.

– Sen aýt!

– Bagyşlamak.

– Gynanyp, heläk bolup oturma! Seni öldürmek ýa-da saňa zulum etmek hakynda pikirem edemok. Men ýeňiş gazansam, ýesirlere gowy serederin diýip Alla söz beripdim. Seni boşatmak isleýärin. 

Bu gepleşikden soň iki hökümdaryň arasynda şertnama baglaşyldy. Bu şertnama göra Urfa we Antakýa sebitleri türkmenlere berilmeli, wizantiýalylaryň elindäki bütin musulman ýesirler boşadylmaly hem-de Wizantiýa Seljuk döwletine garşy söweşeni üçin paç tölemeli edildi.

Soltan Alp Arslan imperator üçin kaşaň çadyr dikdirip, oňa hödür-kerem etdi. Ertesi gün hem şeýtdi. Soňra ýanyna ýüz adam, on müň dinar pul berip, dabara bilen ýurduna ugratdy. Beýik şahsyýet soltan Alp Arslan Yslam dininiň «Bir kowum ýeňlen wagty, onuň baştutanyna merhemet ediň!» diýen buýrugyna görä hereket edýärdi. Soltan Alp Arslan özüni we milletini ýok etmäge gelen, söweşde ýeňlip ýesir düşen kişä şeýdip hormat-sylag edipdi. Oňa ýaraşýany hem şoldy. Ol adyl hökümdardy. 

Imperator Roman Diýogen Alp Arslandan gören sylagyny öz milletinden görüp bilmedi. Ýurduna baranda gözlerine nil çekilip kör edildi. Galan ömrüni zyndanda geçirdi. 

Soltan Alp Arslan Malazgirt ýeňşinden soň Gutalmyşyň ogly Süleýman şa başlyklaýyn onuň doganlaryna we beýleki saýlama serkerdelerine Anadoluny doly eýelemek barada tabşyryk berdi. Soltan ogly Mälige ýüzlenip, bu topraklaryň eýelenmegi üçin edilýän ýörişleri üns merkezinde saklamagy, bu ýerleriň geljekde seljuk türkmenlerine hemişelik ýurt boljakdygyny nygtady. 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s