Öz döwrüniň güýçli alymlarynyň biri çarwadarlaryň beren sowalyna şeýleräk tymsal bilen jogap berýär:
– Çarwadaryň bar emlägi onuň goýny. Muny size diýmegiň geregi hem ýok. Şuny welin, size aýtmagym gerek. Aýdaly, goýunlaryňyzy bakmak üçin hakyna çopan tutýaňyz. Hakyna tutan bu çopanyňyzam, onuň çolugam işýakmaz, biperawyň biri bolup çykýar. Olaryň iti hem şolardan enaýy däl diýeli. Ýaýla bolsa goýunlary kaklamagyň maýyny peýläp, ygyşyp ýören ogry-jümri diýjekmi, möjek-şagal diýjekmi, garaz her hili hyýrsyz peläketlerden dolup daşýar. Çopan-çolugyň şu ýagdaýyny, öriniň ahwalyny bilibem, görübem, goýunlaryňyzy olara ynanyp, öýüňizde arkaýyn ýatarmysyňyz?! Ýa-da süýji ukyňyzy terk edip, süriniň daşynda hil-heläk perwana bolarmysyňyz? Bu ýagdaýda özüňiziň müň çopana barabar yhlas etjekdigiňiz, her edip-hesip edip, ogry-jümrini, möjek-şagaly süriniň golaýyna sekdirmejekdigiňiz aýan dälmi eýsem?! Edilmelisi hem şol dälmi ahbetin?!
* * *
Hawa, çopanyň perwaýsyzlygyny aňan her kim goýunlarynyň töwereginde perwana bolar, malyny diş-dyrnak bolup gorar.
Iman, ahlak, millet, watan, baýdak ýaly mukaddeslikler goýun sürüsinden, mal-emläkden has gymmatlydyr. Wyždan ölçeglerine görä ýaşamaklygy yzagalaklyk hasap edilýän şu döwürde biziň etmeli zadymyz başga birilerini aýyplamagyň ýerine haýyrly iş edýänler bilen bir jan-bir tene öwrülmekdir.
