Birçak bir adam hezreti Süleýmanyň (a.s) huzuryna okdurylyp girýär. Ýaňky adam gorkudan ýaňa saňňyl-saňňyl edýär diýýär. Ýüzi ak tam, dodaklary göm-gök diýýärmiş. Hezreti Süleýman (a.s) ondan:
– Saňa nä döw çaldy? – diýip soraýar. Ol adam demi-demine ýetmän şeýle diýýär:
– Ezraýyl gapymdan gelip, bir geňsi-bir geňsi garap gitdi. Dogrusy, gaharly seredäýdimikä diýýän. Gaty erbet gorkdum. Onsoň näderimi bilmän, siziň adyl gapyňyza sygynmaga geldim.
Hezreti Süleýman (a.s) bu adamdan:
– Ýeri onsoň, menden näme isleýärsiň? – diýip soraýar. Şonda ol hezreti Süleýmanyň şeýle haýyş bilen ýüzlenýär:
– Eý, adyl patyşa! Şemala buýruk ber, goý, meni Hindistandaky adalaryň birine äkitsin. Belki şol ýere gidip, Ezraýylyň deminden halas bolaryn.
Hezreti Süleýman (a.s) onuň haýyşyny kanagatlandyrýar. Şemal ony Hindistandaky adalaryň birine göterip äkidýär. Ertesi gün hezreti Süleýman (a.s) tagtynda halky kabul edip otyrka, onuň huzuryna Ezraýyl gelýär. Şonda hezreti Süleýman (a.s) ondan hälki adama näme üçin gaharly seredendiginiň sebäbini soraýar. Ezraýyl bolsa hezreti Süleýman pygambere şeýle diýip jogap berýär:
– Eý, Allanyň pygamberi, men oňa gahar bilen garamandym. Eýsem ony bu jelagaýlarda görýänime geň galypdym. Sebäp diýseňiz, Allatagala maňa «Şol kişiniň janyny Hindistanda al» diýip buýruk beripdi. Men onsoň öz ýanymdan «Bu kişiniň ýüz ganaty bolaýanda-da agşama deňiç Hindistana ýetip bilmez» diýip, haýran bolup oňa garapdym. Soňra Hindistana gitdim welin, ony gördüm we janyny aldym.
*
Ynsan öz erk-ygtyýaryndaky meseleler babatynda elinden gelenini edip bilýär. Ýöne onuň ygtyýaryna bagly bolmadyk meseleler dogrusynda edip biljek zady ýok. Ýazgydyna razy bolmakdan başga çäresi ýokdur.
«On gat öýüň bolsa demir galadan,
Ajal tapar emir bolsa Alladan,
Hakyky är ýüz döndermez beladan,
Hak ryzasy bilen başa daş gelse». (Magtymguly).