Edep

Sehl bin Abdulla Tusteri hezretleriniň Basrada ýaşan döwürleri bir müddet eliniň barmagy daňyly gezýär. Munuň sebäbini soranlarynda, ol diňe «barmagym agyrýar» diýip oňaýýan eken. Oňa şol sowal bilen ýüzlenen biriniň Müsüre ýoly düşýär. Şonda ol Tusteri hezretleriniň halypasy Zunnuni-Mysrynyň zyýaratyna barýar. Görse, onuň hem edil şol barmagy daňyly diýýär. Muňa geň galyp, ondan hem sebäbini soraýar. Ol hem «barmagym agyrýar» diýip jogap berýär. Şondan soň ýaňky kişi Tusteri hezretleriniň näme üçin barmagynyň daňylydygynyň sebäbine düşünip galýar. Görüp otursa, ol halypasyna etagatkärliginden ötri barmagyny saran eken.

Bir gezegem Tusteri hezretleri köçäniň ugrunda aýbogdaşyny gurup, diwara ýaplanyp, geň-geň hereketler edip otyr diýýär. Arasynda «Islän zadyňyzy soraň» diýibem gygyryp goýberýärmiş. Talyplarydyr jelagaýyndakylar piriň bu ahwalatyna geň galyp, dodaklaryny çömmeldýärmişler. «Pire ne döw çaldyka?!» diýişýärmişler. Bu ýagdaýa çydam edip bilmän duran müritleriň birisi ahyry oňa şeýle sowal bilen ýüzlenýär:

– Tagsyr, size bir zat boldumy? Hergiz sizi beýle ýagdaýda görmändik?

Sehl bin Abdullah Tusteri hezretleri onuň bu sowalyna şeýle jogap berýär:

– Kişi halypasy aýatda diri boldugy müddetçe edebini saklap başarjak eken.

Müritleri şondan soň Zunnuni-Mysry hezretleriniň dünýeden ötendigini bilip galýarlar.

*****

«Men hiç kimden täsirlenmeýärin» diýilýän, beýik şahsyýetler dogrusynda «Olar hem ýalňyşýar» diýmek bilen özüniň erkin pikirli kişidigini ykrar etdirmäge synanyşylýan, dowamly kimdir birini ýeňlişe sezewar etmek ädehede öwrülen, şeýtany düşünjeleriň rowaç tapan şu döwrümizde edep sapagyna diýseň mätäçlik çekýäris. Ýokarda hekaýaty okamak bilen edebiň biziň üçin nähili ýat zada öwrülip gidendigini duýýarys.

Käbir beýik şahsyýetleriň beýlesi Käbäniň, eýlesi atasynyň ýa-da halypasynyň obasy, ýa bolmasa kitaplarynyň ýerleşýän tarapy bolup duransoň, aýagyny haýsy tarapa uzatjagyny bilmän, dik oturyp daň atyryşlary hakdaky söhbetlerine aň edip bilmändik. Meger halypa başga şäherde ýaşaýan hem bolsa, onuň müridi özüni, gör, nähili alyp barmaly eken!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s