Molla Jamynyň gürrüňlerinden.
Sahy adamdan:
– Mal-emlägiňi garyp-gasara, ýetim-pukara paýlaýan pursatyň ulumsylyk ýa-da minnet edýän ýaly bolýarmyň? Nähili hem bolsa, paýlaýan zatlaryň az-küş däl ahyry! – diýip soraýarlar. Sahy adam onuň bu sowalyna şeýle jogap berýär:
– Ýok. Men özümi aşpeziň nahar salýan kepgirinden enaýy göremok. Tabaga goýulýan nahar kepgirden geçýänem bolsa, nahary tabaklara paýlaýan aşpez ahyry!
* * *
Käşge adamlar edýän haýyrly amallary babatynda özleriniň aşpeziň elindäki kepgirden enaýy däldigine aň edip bilsediler, Alla şirk goşmak ýaly uly günäden alys dursadylar.
