Kurany-Kerimde Lut kowumy barada: “Luty hem ýatla. Ol olara (öz kowumyna): «Siz mundan öň älemde hiç kimiň etmedik wejera (erkek erkek bilen jynsy gatnaşyk, beçebazlyk) işini edýäňizmi?» diýdi?” (Agraf, 7/80) diýilýär.
Muňa nähili düşünmeli, ondan öň ol iş edilmänmi?
Elbetde, bu ýigrenji duýgy ähli milletlerde, hatda haýwanlarda-da bolup biler. Munuň ýöriteläp Lut kowumy bilen baglanyşdyrylmagynyň düýp sebäbi, ol milletiň bu bihaýaçylygy tutuş millet bolup etmekleridir. Hawa, olarda jemgyýet durşuna şol “kesele” ýolugandy diýsegem boljak. “Älemde mundan öň hiç kimiň etmedik işi…” diýlen sözüň bir manysy şol. Ýagny bu söz: “Jemgyýet bolup ýer ýüzünde bu işi ilkinji gezek siz etdiňiz” diýmegi aňladýar. Edil şu günki gün buny kanunlaşdyran döwletleriň bolşy ýaly. Ol milletler bu işi bolaýmaly adaty zada öwürmäne çalyşýarlar. Ýöne, bu meseläniň başga bir tarapy-da bar. Olam, bu ýigrenji ýokanç keseliň, bir gün ol milletleriň bütinleý ýok bolup gitmegine sebäp boljak, olaryň ahyryny getirjek, Allanyň gazabyna duçar etjek bir kesel bolmagydyr.