Şu ýaşan ömründe oba görmedik,
Pelde ekin, bagda miwe görmedik
Şäherli şolary görmek küýünde
Myhman boldy bir daýhanyň öýünde.
Daýhan ony aýlap ajap bagyna,
Belet etdi miweleriň baryna.
Hersi goşaýumruk deý gyp-gyzyl narlar
Anha, bir daragtda sallanşyp durlar.
Kemsiz bişen üzümleriň salkymy
Haýrana galdyrjak görse, her kimi.
Asylyp dur olar belent dalbardan,
Şäherliniň nebsi otugdy birden.
Ol açgözlik bilen topulyp baga,
Başlady hars urup, miwe ýygmaga.
Almany şahasy bilen omurdy,
Käsin ýere dökdi, käsin gemirdi.
Ýumruklap, narlaryň böwrüni ýardy,
Käsin iýdi, käsin tozana gardy.
Ol edil ýylajy galan dek bolup,
Üzümleriň gollaryndan asylyp,
Gyzyl-ýaýyrt etdi töwerek-daşy,
Daýhanyň bu işe aýlandy başy.
„Gardaş, dogrujaňy aýt sen maňa,
Degäýen-ä däldirin-dä göwnüňe?“
Diýip, ol şäherlä bakdy mölerip,
Daýhan onuň eden işlerni görüp,
Şeýle diýdi oňa ýaýkap başyny:
„Öňi bilen saňa diýmekçi şuny.
Daradyň bagyma tupan giren dek,
Men beýle myhmany görmändim entek.
Ömrüňde bir çybyk ekip gördüňmi?
Ýer agdaryp, tohum sepip gördüňmi?
Ne daragty bilýäň, ne-de ekini,
Ne ýapragy bilýäň, ne-de köküni.
Meňzäňok pil tutup gören adama,
Ekin üçin kükrek geren adama.
Suw tutmak, pel ýa-da çil çekmek näme?
Aýdamda-da, girmez bular kelläňe.
Bu zatlara näçe zähmet siňýänin
Aýdamda-da aňmajagyňy bilýärin.
Belli zat, ýagdaýyň şeýle bolansoň,
Eden zyýanyňy bilermiň onsoň?
„Zer gadyrny diňe zergär bilýändir“,
Oň ugrunda azap görýän bilýändir.