BEZIRGEN WE MYHMAN

Rowaýat etmeklerine görä, gadym zamanlarda bir bezirgen bar eken. Ol kim öýüne myhman bolup gelse, oňa dürli-dümen lezzetli tagamlar bişirip berip, iýdirer eken. Haçan-da myhman gitmekçi bolanda bolsa, ony ujy bürünç hasa bilen urup, soň rugsat berer eken. Şeýdip gelen ähli myhmanlary kötek urmazdan goýbermez eken. Hiç kim onuň bu ýagdaýynyň syryny bilip bilmändir. Ol kişi bolsa gelen myhmana şeýle bir hormat goýar eken welin, hiç aýdyp düşündirer ýaly däl eken. Ol myhmana dürli-dümen tagamlar iýdirip, ýüpek körpeçeler we mahmal düşekler ýazyp, dürli hormatlar goýup, soň bürünç degenek urup, goýberer eken.
Bir gün bir derwüş gelip, oňa myhman bolupdyr. Derwüşe: «Sen bu öýe gelip myhman boldyň. Emma onuň bu hormat-yzzatynyň soňunda kötek bardyr» diýip, bezirgeniň ähli ýagdaýyny aýdyp beripdirler. Onda derwüş olara: «Alla nämäni nesip eden bolsa, şol bolar» diýip jogap beripdir. Ýaňky derwüş myhman bolup, öý eýesine salam berip giripdir. Bezirgen hem aleýk alyp: «Hoş geldiň» diýip, oňa uly hormat goýup, töre geçmegini haýyş edipdir. Derwüş hem: «Baş üstüne» diýip geçip oturypdyr. Soň myhmana ýüpek düşekler ýazylyp, öňüne kümüş tabaklar goýlupdyr. Derwüş sesini çykarman seredip durupdyr. Soň dürli tagamlar gelipdir. Derwüş bu hormat üçin oýa batypdyr. Öý eýesi: «Alyň, myhman» diýipdir. Derwüş özünden başga yzzat-hormat edilýän hiç kimiň ýokdygyny görüp, bu lezzet-kerem özüne goýulýandygyna göz ýetiripdir. Bezirgen ýene: «Alyp oturyň, derwüş» diýipdir. Derwüş hem: «Baş üstüne» diýip, saçak başyna gelip, tä garny doýýança iýipdir. Soň tagamlar äkidilip, düşekler ýazylypdyr. Bezirgen oňa: «Derwüş, dynjyňyzy alyň» diýipdir. Derwüş: «Bolýar, baş üstüne» diýip, düşege geçip ýatypdyr.
Ertesi derwüş turup gitmekçi bolupdyr. Bezirgen bilen hoşlaşyp, ýola rowana bolupdyr. Biraz ýol geçensoň, yzyna gaýdyp gelip, bezirgene: «Saňa bir soragym bar. Bu ýere gelen her kim kötek iýmese gitmez eken, meni näme üçin köteksiz goýberdiň. Sebäbi näme?» diýip sorapdyr. Onda bezirgen oňa: «Onuň sebäbini aýdaýyn. Kim meniň öýüme gelip myhman bolsa, sözümi diňlemezdi: «Geç şu ýere» diýsem, «Ýok, agam, näme azara galýarsyňyz, maňa şujagaz ýer hem ýeter» diýip, meniň islemeýän ýerimde oturardy. Öňüne tagam gelse: «Heý munça tagam iýlermi, şujagaz hem ýeter» diýip, islemeýän sözümi aýdardy. Ýatmaly bolup, düşek salynsa: «Gerek däl, men şujagaz ýerde hem ýataryn» diýýärdi. Meniň öýüme gelen kişi hökman kethudalyk ederdi. Men hem, ol gitjek bolan mahaly, bir edep hasasyny urup, soň goýbererdim. Sebäbi öý eýesi myhmana hormat goýmalydyr. Myhmanyň muny aýtmagy gerek däl. Goý, hormat goýlanda hormaty götermeýän öýünde otursyn, hiç myhmançylyga barmasyn ýa-da myhmançylyga çykmasyn diýip edep hasasyny urup, soň goýberýärin. Goý, ol hem myhmanyň gadyryny bilsin diýip şeýdýärin. Ine, onuň sebäbi» diýip jogap beripdir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s