“Şahyryň gözi”

Bu ýazgylar edebiýat we durmuş baradaky täsirlerden, içgepletmelerden emele geldi. Ýazgylar çärýek asyryň ýanderpderçeleriniň, depderleriniň sahypalaryndan seçilip alyndy. Bu sahypalar uzak wagtyň dowamynda ýakyn syrdaşym bolupdylar: kä halatlarda olara özümiň iň mukaddes, iň pynhan syrlarymy ynanypdym. Ýöne ol syrlar näçe pynhan bolsalar-da, men olaryň hiç haýsyny-da diňe özüm üçin bellik etmändim. Dürli ýygnanyşyklarda, duşuşyklarda, kärdeşlerim bilen bolan çaýlaşyklarda olaryň birnäçesini orta atypdym, jedelleşipdim, ylalaşypdym, ylalaşmandym…
Ýazgylaryň birentegi bilen irräk tanşan adamlar (Gara Seýitliýew, Sahy Jepbarow, Daňatar Öwezow, Kakabaý Baýrammyradow…) olary «Şahyryň ýazgylary», «Ýaşlara maslahat», «Esseler» diýen ýaly at bilen metbugatda çap etmegime isleg bildiripdiler. Ol islegler meniň üçin näçe agyz suwardyjy bolsalar-da, nähilidir bir duýgy olary çapa hödürlemegime ygtyýar bermändi: ýaňy kyrk ýaşa golaýlan ýyllarymdy. Bu zeýilli ýazgylar bilen metbugat ýüzüne çykmagy entek bigelşigräk hasaplapdym.
Indi, her niçik-de bolsa, ýarym asyr beýläk atyldy. Bu ýaş, nähili bolanlygynda-da, özüňden kiçilere, deň-duşlaryňa ony-muny aýtmaga belli bir derejede hukuk berýär.
Şol sebäpli-de ýazgylaryň saýlanan böleklerini çapa hödürlemegi makul gördüm. Bu ýazgylar ýaş kärdeşlerimiň, edebiýat söýüjileriň ýa-da dürli ýaşdaky beýleki okyjylaryň käbirini az-owlak oýlandyrsa, käbirini mylaýym ýylgyrtsa, ýene birlerini özara ýoldaşlyk jedeline çagyrsa, durmuş diýen zadyň diňe bir bägül düşelen ýol däl-de, oňa görä tikenliräkdigini ýatlatsa, onda men bu sahypalar üçin sarp eden zähmetimi yrýa hasaplamazdym.


Öz-özüňi kämilleşdirmek, her günüň ahyrynda özüňi derňewden geçirmek juda zerur bolsa gerek.
MEN ŞU GÜN IL-GÜNÜM ÜÇIN NÄHILI PEÝDALY IŞ ETDIM?
ŞU GÜN NIÇIKSI HATALAR GOÝBERDIM? YNSABYMYŇ ÖŇÜNDE IKILIK ETDIMMI?
Öz-özüňi ýazgarmak, goýberen hataňy boýnuňa almak, bu, elbetde, ýeňil zat däl. Ýöne kämillik diýen zat nämahal, kime aňsat düşendir öýdýärsiňiz.


Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s