JOGAP

Köçäniň burçunda oturan horajyk gyzjagaz garnyny doýrarlyk pul ýa-da azyk-owkat üçin dilegçilik edýärdi. Egninde köne, ýyrtyk eşigi bardy, ýüzi-gözi gara kirdi. Onuň gözgyny ýagdaýy hakykatdanam nebsagyrynçdy.

Şol wagt köçeden daşyndan barlyklydygy bildirip duran ýaş, daýanykly ýigit geçip gitdi. Ol gyzjagazy görüpdi, ýöne bildirmezlik üçin yzyna seretmändi. Öýüne, rahat durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan maşgalasynyň arasyna gelse, agşam nahary üçin naz-nygmatdan doly saçak ýazylan eken. Ýöne birden hälki gyzjagaz göz öňüne geldi. Nähilidir bir duýgynyň süňňüni gurşap alandygyny syzdy.

Soňra özüne teselli bermegiň iň aňsat ýoluny saýlady we Allatagallanyň näme üçin adamlara beýle kyn durmuşy rowa görýändigi hakda pikir öwrüp:

-Näme üçin beýle zatlara rugsat berýäň, ol kiçijik gyzjagaz üçin nämedir bir zat etmeýäň? – diýip, öz ýanyndan Hudaýa ýüzlendi.

Kän wagt geçmänkä kalbynyň çuňlugynda ýaňlanan şu sözleri eşitdi:

Etdim. Seni ýaratdym.

Brian Cavanaugh

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s