PEÝDA

Baý hem husyt täjir bir gün ruhanyň ýanyna baryp:
– Näme üçin adamlar meni ýigrenýär? Ýogsa, ölemden soň bar baýlygymy haýyr-sahawat guramalaryna bagyş etmekçidigimem bilýärler – diýip sorapdyr.
Ruhany birsalym oýlanyp durupdyr-da:
– Sen doňuz bilen sygyr hakyndaky heýakaty bilýäňmi? – diýip sorapdyr. Husyt söwdagär “Ýok” diýipdir. Ruhany “Onda gulak goý” diýipdir-de, gürrüňe başlapdyr:
– Doňuz sygryň ýanynda adamlaryň özüni ýigrenýändiginden birmeýdan zeýreninden soň, sözüniň üstüni ýetiripdir. – Adamlar diňe seniň owadan gözleriň öwgüsini ýetirýärler. Dogry, sen olara süýt berýäň, ýöne men has köp zat berýän ahyry. Et berýän, hamymdan köwüş, gylymdan çotga ýasaýarlar… Şonda-da sygyrça gadyrym ýok. Sebäbi nämekä?
Sygyr lapykeç gürrüňdeşiniň ýüzüne seredipdir-de:
Men adamlara berýän zatlarymy heniz dirikäm berýän. Sen welin ýaňky sananlaryň hemmesini öleniňden soň berýäň… Sebäbi şol bolsa gerek – diýip jogap beripdir.

I.Bergman

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s