Günlerde bir gün bir jöhit Möwlana hezretleriniň ýanyna gelip: «Şemsi gördüm» diýýär (Şemsi-Tebriziniň gelýänini aýdýar). Şonda Möwlana hezretleri oňa köýnegini çykaryp berýär. Jöhit içýakgyç gülüp: «Ýalan sözledim» diýýär. Möwlana hezretleri bolsa «Ýalan sözläniňi bilýän. Ýöne bu sözüň ýalanyna köýnegimi berdim. Dogrusyna janymy hem bererdim» diýýär.
* * *
Rebbimiz Şemzi-Tebrizi hem däl, Möwlana-da. Şemsiň, Möwlananyň söýgüsi, merhemeti Onuň merhemetiniň, söýgüsiniň ýanynda hiç bolup galýar. Inşalla, Alla (j.j) bendeleriniň yhlasly bolmadyk ybadatlaryny-da, dine edýän hyzmatlaryny-da kabul eder.