Gan içýän garpyz

…Bir obanyň adamlary garpyzy gan içýan wagşy jandardyr öýdýärmiş. Olaryň pikirine görä, garpyzyň içiniň çym-gyzyl bolmagy hem şondanmyş. Bir gün şol oba del adam gelýär. Görse, atyzlarda garpyzlar leýis bolup ýatyrmyş. Hiç kim ellemeýärmiş. Gelmişek derrew bar zadyň anygyna ýetip, adamlaryň bolup ýörşüne ýüregi awaýar. Onsoň obanyň adamlaryna garpyzyň gorkar ýaly zat däldigini düşündirmegiň kül-külüne düşýär. Şunlukda, ol adamlary garpyzly atyzyň gyrasyna çagyrýar. Halaýyk atyzyň golaýyna gelmäge gorkup, uzakdan seredişip durýar. Gelmişek öňünçä, emaý bilen bir garpyzyň golaýyna barýar. Soňra usullyk bilen bir garpyzy eline alyp, ony sypalap görkezýär. Muny gören adamlar allaniçigsi bolup götinjekläp ugraýarlar. Eger şonda gelmişek oýunlyga salyp, «Haýt» diýip gygyran bolanda, adamlar o taýdan zut ökjäni göterjeklermiş. Onsoň gelmişek garpyzy emaý bilen pazylyndan üzýär. Adamlar entegem gorkunç zadyň bolmaýanyna haýran galyşyp durmuşlar. Gelmişek hem hamana birbada gorkýan ýaly edýärmiş. Ine, onsoň ol jübüsinden çakgysyny çykaryp, ýuwaşjadan garpyza sünçýär. Şol pursat gyrada üşerilişip duran adamlaryň barysy gözüni ýumdy diýýär. Birhaýukdan hiç hili gorkunç zat bolmansoň, ýuwaş-ýuwaşdan gözlerini açdy diýýär. Görseler, ýaňky adam garpyzy dilimläp otyrmyş. Muny gören halaýyk biri-birine garap, ýyrş-ýyrş ediberipdir. Ynha, şeýdip gelmişek bu obanyň adamlaryna garpyzyň gan içýän wagşy jandar däldigine ynandyrypmyş. Oba adamlary begenişip öýli-öýi, işli-işi bilen boluberenmiş.


Eger-de ol adam şeýle tilsim ulanman, turuwbaşdan garpyzy dilimlemäge duran bolsady, adamlar onuň özüni hem wagşy jandar öýderdiler. Onsoň garpyzyň gan içýän jandar däldigini bilmän galardylar. Hatda gorkudan ýürekleri ýarylardy.
Ynsan özüne nätänyş bolan zada mydama-da ätiýaçly garaýar. Ynsanyň ýasawy şeýle. Hawa, adam tanamaýan zadyny derrew özüne ýakyn kabul edibermeýär. Jemgyýet her döwürde bolşy ýaly täzelige gaty serasaply çemeleşýär. Hatda ýokarky rowaýatdaky adamlaryň bolşy ýaly, gülkünç ýagdaýa hem uçrap bilýär. Çünki gep-gürrüňe, ýalňyş maglumatlara gulak gabardylýar. Netijede «Çala eşiden çatma ýykar, öte eşiden öý» diýleni bolýar. Şonuň üçin adamlary täze bir pikire çagyranyňda ilki bilen olaryň ruhy dünýäsini öwrenmeli, diňe şondan soň olara çemeleşmegiň usullaryny işläp düzmeli we şoňa görä hereket etmeli.
Ozalam biri «Il arasynda meni ýazgarýan, elheder etdirýän gep-gürrüň ýaýradylýar welin, metjitden çykamda märäkeniň meni kesek okuna tutmaýşyna haýran galýaryn» diýýärmiş. Edil şonuň ýaly, ulamalardan biri «Pygamber Serwerimiz (s.a.w) diňe bir sözi bilen däl-de, eýsem, köplenç halatda, hal-hereketi bilen adamlara görelde görkezipdir» diýip nygtamak bilen, hal-hereketiň üsti bilen görelde görkezmeklige üns çekýär. Hawa, Muhammet aleýhyssalatu wessalam hiç kimi özünden howatyr etdirmändir, her kimiň ynamyna giripdir we il içinde «El Emin (ygtybarly adam)» adyna mynasyp bolupdyr. Ana, onsoň onuň her bir aýdan sözi ýer alypdyr.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s