Rowaýat etmeklerine görä, gadym zamanda bir balçy bar eken. Ol daglarda bal awlar eken, ýagny daglarda, çola ýerlerde, tokaýlarda gezip bal gözlär eken. Bir gün ol ýene-de öňki öwrenişen işine görä, ýanyna paltasyny, pyçagyny alyp, gylyjyny guşanyp, çakmagyny, gabyny we çörek alyp, aýalyna hem: «Seni Alla tabşyrýaryn» diýip çykyp gidipdir.
Bu adam öň haçan öýünden çykyp gitse, bäş-on günläp gelmez eken. Ýaňky kişi öýünden çykyp, Alla mynajat edip: «Eý, Rebbim, bal ber, emma bol ber» diýipdir. Şol gidişine ol gelip, bir dagyň depesinde, gök ýüzünde bir topar arynyň uçup, aýlanyp ýörendigini görýär. Derrew arylaryň yzyna düşýär. Gözüni olara dikip, yzlap, kowalap ýadap gidýär. Allanyň hikmeti bilen, şol gidişine bir gür tokaýyň içine girip gidýär. Gözleri bolsa asmandaky arylarda. Ol balçy şol barşyna bir guýynyň içine düşýär. Içi boş, kyrk-elli gulaç çuň bu guýy bal guýysy eken. Tokaý üstüni örtensoň, näbelli bolup galan eken. Onuň düýbünde görse suw ýok, bir taýýar guýy. Bu guýynyň bir ýany tä guýynyň agzyna barýança salkym-salkym sary, üýşüp giden men diýen ballar. Emma ne çäre, guýudan çykmak hem mümkin däl. Ýaňky kişi özüniň bu ýerde heläk boljakdygyny bilip, derrew Haka bil baglap, mynajat etmäge başlaýar: «Ylahym, bu nebsim meni bu derde getirdi. Emma umydym bar. Sen gullaryňa rehim edersiň. Maňa rehim et» diýip, köp aglady.
Ol guýynyň içi giňdi, emma garaňkydy. Ol çakmagyny çakyp, peltesini ýakdy. Turup bu guýynyň içinde gezmeledi. Guýynyň burçunda azrak suw köl ýaly bolup durdy. Wagt geçmek bilen suw bir ýere üýşüpdir. Ol suwuň ýanynda bir uly deşik bar eken. Emma garaňkydygy üçin, bu deşigiň içinde näme bardygyny kim bilýär. Ýaňky balçynyň bu deşige gözi düşdi. Derrew baryp, ol suwdan täret kylyp, iki rekat namaz okady. Ýene-de zarynlady, mynajat etdi. Haka mynajat edýän mahaly bir çatyrdy boldy. Ýaňky awçynyň essi gitdi. «Bu nämekä?» diýdi. Şol wagt ýaňky deşikden uly bir aždarha baş görkezdi. Görse, äpet bir mahluk. Peltesiniň şuglasyny tutup görse, ol aždarhanyň düýäniň boýny ýaly boýny bar. Uzyn başy uzyn külhan ýaly, gözleri hem ýanyp dur. Ýaňky awçy derrew salawat aýtmaga başlady. Birden aždarha özüni ýuwdar öýdip, janyndan umydyny kesdi. Bir burçda gysylyp, nyýaz edip׃ «Eý, Settarul-uýub, meni bu ýerden halas et» diýdi.
Ýaňky ýylan bu deşikden çykyp, doly düýrlendi. Emma guýrugy heniz hem deşikden çykmandy. Derrew ol suwa tarap gelip, suwdan gana-gana içip, ýene deşikden içeri, yzyna gitdi. Balçy hem şükür seždesini etdi. Soň niýet edip, ýene bu suwdan täret kyldy. Gorkup, aždarhadan çekindi: «Suwa awusyn döken bolaýmasyn» diýdi. Öz-özüne: «Eý, biçäre, sen şu mahal ol ýylandan halas bolduň. Indi seni bu ýerden kim gelip halas eder, seniň halyňdan kim habar alar» diýip zar-zar aglap: «Ylahym! Hiç kim bilmese, sen bilersiň. Meniň halym saňa mälimdir. Indi bu gorkunç ýerden meni halas et. Umydym diňe saňadyr. Meni bu garaňkylykdan hem halas et» diýdi. Soň turup täret kylyp, ýene-de galan ähli namazlaryny eda edip, oturyp kelemesini çöwürdi. Kuran okap otyrka, pikirlenip: «Bu aždarhany öldürmek gerek, ol ýene bu ýere suw içmäge geler. Mekany bu ýere ýakyndyr. Ýogsam, bu mahluk meni bir gün görer» diýip, derrew turup ol deşigiň düýbüne geldi. Uly bir daş tapyp, göterip ol deşigiň düýbünde goýdy. «Eger ýene gelse, gylyç bilen ursam, başyny keserin» diýip, Alladan kömek sorady. Gylyjyny eline alyp garaşdy.
Emma ol mahluk ol ýere üç günde bir gelip suw içer eken. Ýaňky balçy ol deşigiň düýbünde iki gün garaşdy, üçünji gün boldy. Öýlän wagty bir çatyrdy peýda boldy. Balçy aždarhanyň gelýändigini bilip, taýýar bolup durdy. Aždarha kellesini deşikden daşary çykaran badyna bir gezek: «Ýa, Alla» diýip, gylyç saldy. Hudanyň kömegi bilen onuň başy top ýaly togalanyp gitdi. Agzyny birnäçe gezek açyp ýapdy, soň jan berdi. Balçy hem tä, jany doly çykýança garaşdy. Soň göwresini çekip, deşikden daşyna çykaryp para-para eýläp taşlady. Onuň göwresi bilen guýy doldy. Soň ýene gelip gylyjyny ýuwup, arassalap, täret kylyp, iki rekat namaz okady. Alla şükür etdi we aždarhadan halas boldy. Emma öz-özüne: «Indi birnäçe günden soň, bu aždarhanyň läşi yslanar. Adamzat muňa nädip çydap biler. Munuň bir alajyny tapmaly. Indi Alla sygynyp, bu aždarhanyň çykan deşigine adam hem sygar. Aňyrsynda bir mekany bardyr. Dag barmy, tokaý barmy, bir zat bardyr» diýdi.
Şeýdip doly üç gün garaşdy. «Belki, bu aždarha urkaçysy bolup, onuň erkegi hem bardyr» diýip seretdi. Görse, gelýän-gidýän ýok. Öz-özüne: «Öňi-soňy bu ýerde ölmeli, gelýän hem ýok, gidýän hem. Şu deşikden geçip, synanyşyp göreýin. Belki, salamatlyga çykaryn, ýa ölerin, halas bolmaryn» diýip, täret kylyp, iki rekat namaz okap, doga-dileg etdi. Soň gylyjyny at edinip, üstüne münüp, ýüzün ýatyp, deşige süýrenip girdi. Deşigiň içine şeýle bir gitdi welin, bir sagat çemesi ýöredi. Emma gaty horluk çekdi. Jany agzyna geldi. Müň bela bilen beýleki tarapa çykdy, ýöne ýykylyp özünden gitdi. Biraz ýatyp, aýak üstüne galdy. Seredip görse, iki daş merdiwan dur. Biri aşak inýär. Ol aşak gidýän merdiwandan indi. Aşak düşdi, görse ýapyk bir demir gapy dur, üstünde bir gulp asylgy. Müň bela bilen bu gulpy açdy. Içine girdi, görse ýapyk dur. Üstünde bir halkasy bar, bekli dur. Ony hem gylyç zarbasy aýryp açdy. Görse, örän garaňky. Çakmak çakyp, bal mumunyň peltesini ýakdy. Görse, üç aýak merdiwan dur. Bu merdiwandan aşak inip, bir otagyň içine girdi. Ýigrimi töweregi ýag çyralary düzülipdir. Birini owradyp, gapagyny galdyrdy. Görse, içi altyn bilen doly. Hemmesi hem altyn bilen doly eken. Indi baýlyk hem tapdy. Ýene-de niýaza başlap: «Allatagaladan baýlyk isledim, berdi. Ylahym, senden ýol hem dileýärin» diýip, ýene yzyna dönüp, on aýak merdiwandan aşak indi. Görse, ol ýerde hem ýapyk bir gapy bar. Ony hem niçe kynçylyk bilen açdy. Ol hem örän garaňky eken. Çakmak çakyp, mum ýakdy. Görse, hiç zat ýok. Ýöne ol öýüň burçunda inçe bir ýol bar. Bu ýola düşüp, biraz gidip, bir ýere geldi. Görse bir gapy ýapyk dur. Bu gapynyň deşiginden seredip gördi. Görse, burçda kiçijik yşlardan aýdyňlyk görünýär. «Enşalla, salamatdyr» diýip, bu gapyny hem açyp seretdi. Görse, uzyn bir kemer. Bu kemer gidip-gidip, aýdyňlyk zyýada bolmaga başlady. Sähel gidensoň bir dagyň düýbünden çykdy. Daş-töweregine seredip gördi. Görse, ol ýerleri özüniň niçeme gezek gezen ýerleri eken. Ol ýerden göni gaýdyp, öýüne geldi. Aýalyny görüp şat boldy. Ýigrimi gün bäri görmändi. Aýaly ondan: «Nirede bolduň?» diýip sorady. Ol hem başdan geçen wakalary birin-birin gürrüň berdi. Getiren altynlaryny görkezdi. Agşam düşen dessine hem hazynany daşamaga başlady. Gijelerine aýaly bilen gidip, ol hazynany daşaýardylar. On tasa çenli daşadylar. Galanyny taşlap, soň ol welaýatda ýaşaman, Mukaddes Käbä gidip, ol ýere goňşuçylykda ýaşadylar.
