Hasan BASRY

Ebu Amr adamlara Kurandan ders berýär eken. Bir gün onuň kalbyny erbet pikir gaplap alypdyr. Şol pursadyň özünde-de Kuran hakydasyny terk edip, onuň bir harpyny hem ýadyna salyp bilmändir.
Ebu Amryň içine ot düşüp, hiç ýerde janyna aram tapmandyr. Hasan Basrynyň huzuryna baryp, aglap-eňräp, başyna düşen ýagdaýy gürrüň beripdir. Ol:
— Ussadym! Şeýle ahwala uçradym ki, Kuran dolulygyna hakydamdam çykdy — diýipdir.
Onuň aýdanlaryny eşidip, kalby syzlan Hasan Basry:
— Häzir haj möwsümi. Gidip, haj parzyňy berjaý et. Soň Haýta metjidine git. Şol ýerde mihrapda oturan bir pire gözüň düşer. Onuň wagtyny alman, edip oturan işini dynýança garaş. Soňra bolsa özüň üçin doga etmegini haýyş et — diýip salgy beripdir.
Ebu Amr öwredilişi ýaly edipdir. Özüne salgy berlen metjidine baryp, bir çetde oturypdyr. Görse, daşyna adam baryny üýşürip, bir haýbatly pir otyr eken. Biraz wagtdan ak egin-eşikli bir adam içeri giripdir. Her kes gapydan giren bu piriň huzuryna baryp, hal-ahwal soraşmaga başlapdyr. Namaz wagty giren badyna ol kişi ýerinden turup, çykyp gidipdir. Adamlar hem onuň yzyna düşüpdirler. Metjitde öňden oturan pir bolsa ýeke galyberipdir.
Pursady ganymat bilen Ebu Amr piriň huzuryna baryp salam beripdir we: «Pirim, Allahyň haky üçin dadyma ýetiş!» diýip, ýagdaýyny oňa mälim edipdir. Onuň düşen halyna gynanan pir ýüzüni galdyryp, gözüniň gytagy bilen ýokaryk bir ýere seredipdir. Ol öňki kaddyna gelip-gelmänkä, Kuran dolulygyna Ebu Amryň hakydasyna dolaýypdyr. Ebu Amr begenjinden piriň aýagyna ýykylypdyr.
Pir ondan:
— Meni saňa kim salgy berdi? — diýip sorapdyr.
Ebu Amr:
— Hasan Basry salgy berdi — diýip jogap beripdir.
Pir:
— Golaýynda Hasan Basry ýaly ymam bolan kişi, heý-de, başgasyna mätäç bolarmy? Hasan kimdigimi ile äşgär edipdir, menem onuň perdesini ýüzünden syrjak — diýipdir we sözüni şeýle dowam edipdir:
— Ýaňy içeri giren ak egin-eşikli, adamlar tarapyndan uly hormat goýlan şyh Hasan Basrydy. Ol her gün öýle namazyny Basrada kylýar, soňra bu ýere gelip ikindi namazyny biziň bilen bile okaýar, biz bilen söhbet edýär, agşam namazyny okamak üçinem ýene Basra dolanýar. Özüne Hasan ýaly biri ymamlyk edýän kişiniň bizden doga hantama bolmagynyň hikmeti nämekä?

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s