Şahyryň gözi (2)

Käte käbir uly şahyrlary wagyz-nesihat, didaktik äheňli goşgulary ýazýanlygy üçin ýazgarýarlar. Emma uly şahyrlaryň birnäçesi ömrüniň belli bir pellesinde şeýle goşgulary ýazmakdan saklanaýyn diýse-de saklanyp bilmez. Beýle goşgular köplenç halatda diňe goşgy ýazmak keýpjagazyndan däl-de, has ulurak zerurlykdan gelip çykýar.
Bu zerurlyk Magtymguly, Mollanepes, Nowaýy, Rudaki, Sagdy, Haýýam ýaly Gündogaryň beýik şahyrlary hakynda aýtmanymyzda-da, Puşkin, Geýne, Şiller, Gýote, Petefi ýaly beýik şahyrlary hem (Ýewropa poeziýasyna didaktika mahsus bolmasa-da!) şeýle häsiýetli goşgulara ýüzlenmäge mejbur edipdir.
Puşkiniň «Ýadygärlik», Mollanepesiň «Ner gezgin» ýaly wagyz-nesihat häsiýetli goşgulary ol şahyrlaryň döredijiliginiň täjidir. Olary şolarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.


Täze pikirler, täze kapyýalar, täze meňzetmeler… Elbetde, her bir täze zat (her neneňsi kiçijik bolanlygynda-da) awtora aňsat düşmeýär. Sen olary tapanyňa kanuny guwanýarsyň.
Wagt geçýär. Bir görseň seniň şol täze tapyndylaryň başga şahyrlaryň «sürülerinde» mäleşip ýör.
«Ogrulyk eden utanmaz, üstüne gelen utanar» diýlişi ýaly, soňra sen şol goşgularyňy bir ýerde okap bermekçi bolsaň, öz tapan täze zadyňdan özüň utanýarsyň. Diňe utananyň bilen oňuşsa-da boljak. Okyjylaryň biri tarsa ýerinden turup: «Şahyr, bu okap duran zatlaryň hemmesi ogurlyk!» diýer öýdüp gorkýarsyň.