Çarlak

Säher çagydy. Gün ýaňy bir gözýetimi gyzardyp, asuda deňziň ýeňiljek tolkunlaryna tylla öwüşgin çaýyp ugrapdy.
Kenardan bir mil uzaklykda, hamana, deňzi holtumyna dolamakçy bolýan ýaly, öňe müňzäp barýan balyk tutýan gämi çarlaklara ertirlik wagtynyň bolandygyny buşlaýana meňzeýärdi. Müňlerçe çarlak az-owlak hörek tapmak üçin eýýäm şol gäminiň daşynda hümerdi. Ynha şeýdip ýene bir agyr gün başlanypdy.
Kenardan we baýaky gämiden has alysda bir çarlak ― Jonatan Liwiňston uçuş türgenleşigini geçip ýördi. Ol ýüz fut belentlige çykyp, ýargakly aýaklaryny ýazýardy we egri çüňküni ýokaryk tutýardy. Endam-janyny kül-owram edip barýanam bolsa, öwrüm etmek üçin, ganatyny doly gerýärdi. Öwrümi giňden alan ýagdaýynda, onuň tizligi haýallamalydy. Indi şemalam onuň ýüzüni ýakymly sypap geçýärdi. Aşakda ýaýlyp ýatan uç-gyraksyz deňiz bütinleý diýen ýaly hereketden galypdy. Jonatan asmanda asyl-asyl bolup duran dek badyny haýalladypdy. Soňra ol gözüni süzgekledip ünsüni jemledi. Güýjünde baryny edip, ganatlaryny giň gerip saklady; biraz… ýene… ýene biraz… bol… ýokaryk… indi öwrül… wah… Arman, başa barmady. Ýelekleri bulam-bujar boldy, tizligini ýitirdi-de aşak gaýtdy.
Adatça, çarlaklar howada «entireklemeýär» ― deňagramlylygyny saklap bilmän aşak gaçmaýar. Asmanda ganat ýaýyp ýören mahaly aşak gaçmak olar üçin barypýatan biabraýçylyk hasaplanýar.
Jonatan ýene bir ýola öwrüm etmek üçin, ganatlaryny ýaýdy. Ýaňy bir haýallap ugrapdy hem welin, birdenkä ýene deňagramlylygyny saklap bilmän aşak gaýtdy. Ýöne ol munuň üçin birjik-de kemsinmedi, çünki Jonatan Liwiňston üýtgeşik bir çarlakdy.
Çarlaklaryň köpüsi diňe aw etmek ýa-da kenardan sähel aralyga baryp gaýtmak üçin uçýardy. Olaryň gara gaýgysy garynlarydy. Uçanlarynda-da diňe şonuň aladasyndady. Emma Jonatan Liwiňston al-asmanda pelpellemegi mukaddes zat hasap edýärdi, diňe iýmit gözlemek üçin uçmagy nadanlyk saýýardy. Ol uçmagy biçak gowy görýärdi, onuň asmanda ganat ýaýmaga bolan höwesini, hyjuwyny hiç zat bilen deňär ýaly däldi.
Ine, hut şonuň üçinem Jonatan beýleki çarlaklardan düýpgöter tapawutlanýardy. Ol uçýan mahaly akgynly pessaýlamagy öwrenjek bolup, irginsiz türgenleşýärdi we şol sebäpden hem uzakly gün sürä goşulman ýeke gezýärdi. Onuň küýli ýaly bolup ýörmegi ene-atasynam uly alada goýýardy.
Bir zada onuň özem haýrandy, ýagny ganatyny suwa degrip-degrip uçýan mahaly, ol howada hasam uzak durup bilýärdi. Akgynly pessaýlamak tilsimini ýerine ýetiren mahaly, adatça, aýagy göwresine jebis ýygrylýanam bolsa, suwa sähel galtaşdygy uzyn, göni zolaklar emele gelýärdi, bu oňa şeýlebir ýaraýardy. Hasam soňky wagtlar ol ilde ýok nysak çykardy, deňziň üstünde däl-de, kenarda pessaý uçup, çägäniň ýüzünde aýagynyň galdyrýan yzyny ölçäp başlady. Muňa Jonatanyň ene-atasy haý-küş diýmän durup bilmedi.
― Jon, seň bolşuň nähili? ― diýip, enesi oňa igendi. ― Beýleki çarlaklar ýaly bolup bileňokmy? Diňe gotanlar, albatroslar ýerläp uçýa, sen olara meňzemeli guş däl-ä. Onsoňam, oglum, sen näme üçin awa gideňok? Halys gutumyň gurap, süňke dönüp gidipsiň-ä!
― Durşum bilen süňk bolsam-da, maňa bildirýän ýeri ýok, eje! Özümiň howada nämäni başaryp, nämäni başarmaýanymy biljek bolýan, düşünýäňizmi? Meň diňe şoň magadyna ýetesim gelýä, eje!
Atasy sowukganly gürledi:
― Bäriňe bak, Jonatan! Ine, hä diýmän gyşam düşer. Onsoň balyk tutýan gämilerem azalyp ugrar, şonda balyklaram suwuň ýüzünde görünmez, has düýpde ýüzer. Eger bir zat öwrenesiň gelýän bolsa, aw edilişini öwren. Uçmagyň her dürli tilsimlerini öwrenjek bolýaň, taň edýäň, ýöne beýdip selpäp ýöreniň bilen garnyňa düşýän zat ýog-a? Şuny bek belle, saňa ganat diňe iýmit gözlemek üçin berlendir, oglum!
Jonatan kaýyllyk bilen başyny aşak egdi. Birki gün beýleki çarlaklaryň yzyna eýerjek bolup, elinde baryny etdi. Ýoldaşlary bilen gykuwlaşyp, gämi duralgalarynyň hem balyk tutýan gämileriň töwereginde hörek aňtap, pyr-pyr aýlandy. Dyrnak ýaly balyjak tutjak bolup, suwa çümdi, garaz, görgi baryny gördi. Ýöne, nätse-de, öwrenişip bilmedi, onuň beýle durmuşda bütinleý ýaşasy gelenokdy.
Jonatan görgä galyp awlan takgaz balygyny söbügini basyp gelýän garry, aç çarlaga tarap dazyrdadyp zyňdy-da:
― Bularyň bary şeýlebir manysyz ― diýip içini gepletdi. ― Munça wagty biderek geçirmän, uçmany öwrenmeli ekenim. Öwrenere zat kän ahyry!
(Dowamy bar…)

Riçard Bah