«Pylan şahyryň äheňi boýunça», «Pylan şahyrdan» (ýagny S. Marşakdan, M. Swetlowdan, Ý. Smelýakowdan…) diýen ýaly öýkünme ýa-da terjime häsiýetli goşgulary döretmäge, elbetde, her bir şahyryň hukugy bardyr. Ýöne şeýle hukukdan hyýanatçylykly peýdalanmak gadagandyr.
Marşakdan, Smelýakowdan…diýmek üçin, ilki bilen, şahyryň moral hukugy bolmalydyr. O zeýilli goşgular seniň ömürboýy ýüregiňde berç alyp duran, çykmaga wagt, mümkinçilik tapman duran oý-pikirleriňi daşyňa çykarmak üçin delil hökmünde hyzmat etmelidir. Şol goşgularyň haýsy-da bolsa belli bir tarapyny, ýagny öz döredijilik ýa-da durmuş tejribäňe aýratyn ýakyn hem-de eziz tarapyny has güýçlendirip biljegiňe, ony öz halkyň söýgüli eserine, täze bir baýlygyna öwrüp biljegiňe azda-kände gözüň ýeten mahalynda − diňe şeýle halatda şol hukukdan peýdalanmak bolar.
Başgaça aýtsak, şeýle öýkünmeler ýa-da terjimeler seniň pikir, zehin garyplygyňdan däl-de, olaryň bolçulygyndan emele gelýän önümler bolmalydyr.
Hiç köňül şatlygy çykmaz.
Bir köňül ýykmaýan ärden.
Beýik Magtymgulynyň bu setirlerine käbir adamlar şeýleräk düşünýärler: «Adamyň göwnüni ýykmaýan adamdan göwnüňe şatlyk beriji hiç zat çykmaz».
Bu setirleriň manysy bolsa düýbünden onuň tersinedir: «Öz göwnüňi ýykmasaň, iliň göwnüni alyp bilmersiň!»