«Ýarganatyň ýüzi ýok»

Gadym zamanlar guşlar bilen haýwanlaryň arasynda uruş döränmiş. Ep-esli wagt dowam eden bu uruşda takyk ýeňiji çykmanmyş. Şonda iki tarapyň hem hasiýetlerini özünde jemleýän ýarganat bularyň hiç biriniň tarapyny tutmanmyş. Guşlar oňa: «Gel, biziň tarapymyza geç» diýseler-ä, ol: «Men haýwan» diýýärmiş, haçanda haýwanlar ýanyna gelip, onuň öz taraplaryna geçmegini islänlerinde bolsa, özüniň guşdugyny aýdýarmyş.
Wagtyň geçmegi bilen guşlar bilen haýwanlaryň arasynda ýaraşyk yglan edilýär. Uruş tamam bolýar. Muňa mähetdel, hamala hiç zat bolmadyk ýaly, ýarganat guşlaryň arasyna aralaşyp, olar bilen deň hatarda şatlanyberjek bolanmyş. Muny gören guşlar ony dessine aralaryndan kowupdyrlar. Haýwanlaryň ýanyna barýaram welin, olaram oňa ýüz bermändir. Şunlukda, hemmeler tarapyndan ýazgarylan, çetleşdirilen şormaňlaý ýarganat gündizler-ä hiç kimiň gözüniň düşmeýän garaňky ýerlerinde gizlenip gezmeli bolanmyş. Gijelerine-de diňe hemmäniň uka giden wagty daşary çykyp bilýärmiş. Sebäbi onuň il arasyna çykmaga ýüzi ýok-da.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s