Her gün işden barsam, dört ýaşyndaky oglum «Oýunjak suw-maşyn alyp beräý?» diýip günüme goýanokdy. Çaga-da, oýnawaçlarynyň şonsuzam kändigine garamazdan öz diýenini tutýardy. Ahyram garaşylan gün gelip ýetdi. Ýolum şäheriň oýnawaç dükanynyň üstünden düşdi.
Dükanyň gurjak satylýan bölüminde sada, gelşikli hem arassa geýnen gyzjagaz tekjede duran oýunjaklary synlaýardy. Özüniň halan gurjagyny tapyp, kakasyndan şol gurjaga pulunyň ýetip-ýetmejegini sorady. Kakasy «Ýeter» diýip jogap berdi. Ol şonda-da başga gurjaklara-da seredýärdi. Her gezegem:
– Almaga pulumyz ýetýärmi, kaka? – diýip soraýardy. Gyzjagaz gurjaklara seredip ýörkä, ol tarapda-da bir oglanjyk özüne oýunjak saýlaýardy. Onuňam elinde puly bardy, ýöne köp däldi.
Oglanjyk oýunjak at satyn almakçy bolara çemeli. Her gezek birini saýlap, kakasyna görkezýärdi. Kakasy bolsa «Ýok» diýen manyda başyny ýaýkaýardy.
Gyzjagaz ahyry bir gurjagy saýlady. Saýlan gurjagy owadanjady. Meger, köçelerindäki ähli gyzjagazlarynyň onuň gurjagyna gözleri gitse gerek. Şol wagt dükanyň haryt tekjeleriniň beýleki tarapynda oýunjak saýlaýan ataly-ogluň ýuwaşja eşidilýän gürrüňleri gyzjagazy biygtyýar sägindirdi. Oglanjyk gowy görýän oýunjagynyň ýerine başga bir oýunjak – ulag alyp oňmaly bolan bolmaga çemeli. Ol kakasy bilen beýle tarapa ýöneldi.
Gyzjagaz saýlan gurjagyny ýerinde goýup, oýunjak atlaryň duran tekjesine bardy. Aljyraňňy halda tekjeden bir aty aldy. Kakasynyň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Olar bileje ýöräp, kassa bardylar. Menem aljak zadymy alyp, olaryň yzynda nobata durdum. Meniň yzymdanam ataly-ogul gelip durdy.
Oýunjak atyň puly tölenip, daşy dolanansoň, gyzjagaz oýunjagy kassada oturan aýala uzatdy. Gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Kassada oturan aýal ýylgyrdy-da, oýunjagy kassanyň aşagynda goýdy.
Men hasaplaşyp bolanymdan soň, oglanjygyň gezegi geldi. Hasaplaşyk bölümindäki aýal oglanjyga:
– Gutlaýan! Bu gün siz ýüzünji müşderimiz bolup, bizden bir sowgat utduňyz – diýip, oňa aşakdaky oýunjak aty çykaryp berdi. Oglanjyk gözlerine ynanmady. Sebäbi atjagaz onuň arzuw edip ýören oýunjagydy. Bu şatlykly pursady gyrada duran gyzjagaz bilen kakasy höwes bilen synlaýardy. Maňa şonda durmuşyň iň manyly ýylgyryşyny görmek nesip edipdi. Dükandan çykdylar. Menem olaryň yzy bilen çykdym. Şol wagtam kakasynyň gyzyndan:
– Muny näme üçin beýtdiň? – diýip soranyny eşitdim. Şonda gyzjagazyň kakasyna aýdan sözlerini hiç haçan unutmaryn.
– Kaka! Enem bilen atam meni begendirmek üçin maňa pul berdiler gerek?!
– Elbetde, balam.
– Meňem şeýdesim geldi. Onsoň edip goýberdim.
Ataly-ogul bilen gyzjagazdyr kakasynyň bagtyýar pursatlaryny synlap durşuma, heniz kiçijikdigine garamazdan, şeýle ýagşylygy edip bilýän çagalaryň biziň her birimizde bolmagyny arzuw etdim.
(Atanyýaz Hangeldiýew, «Adalat»)
gözüňe ýaş dolmaýan bolsa dolmasynda 😦
gaty oňat