BU ÝERLER

Pasyllaň sazyn bezenip,
Çalan ýerleri bu ýerler.
Owal başdan Hak nazaryn,
Salan ýerleri bu ýerler.

Nesibe çekip dyz epen,
Atam-babam döwlet tapan,
Olaň müň aglap, müň sapar
Gülen ýerleri bu ýerler.

Müşgil işleň sebäbiniň,
Dertlileriň tebibiniň,
Hak Allanyň Habybynyň,
Alan ýerleri bu ýerler.

Watanym, dünýä gelenim,
Gurbany ýagmyr-ýeliniň,
Duşmanyň ömür gülüniň,
Solan ýerleri bu ýerler.

Şükür döwletim ygtybar,
Dur indi elde ygtyýar,
Dostlaryň baky bagtyýar,
Bolan ýerleri bu ýerler.

Gül diýarym bagy-Erem,
Ölsem ugrunda jan berem,
Allahymyň lutf-u-kerem,
Kylan ýerleri bu ýerler.

Ýigitleri tapar şöhrat,
Gyzlary bäs edr Zöhrä,
Dünýäniň iň ajap sähra –
Seleň ýerleri bu ýerler.

Dymmaga galmaz bahana,
Hoş sözler gelsin dahana,
Ýagşylaň ýagty jahana,
Gelen ýerleri bu ýerler.

ŞÄHRIBOSSAN

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s