Çarlak (2)

Dowamy…


Onuň şol öňki çarlak Jonatana öwrülmegine onçakly köp wagt gerek bolmady. Indi ol ýene-de deňizden has ýokarda, giň asmanyň goýnunda ganat ýaýyp başlady; açlygyndan ýaňa garny eljuk diýse-de, onuň ruhy erkanady.
Ol her edip-hesip edip, çalt uçmagy öwrenmeli diýip, öz öňünde şert goýdy, şeýde-şeýde, bir hepdäniň dowamynda, çalt uçmak babatda iň ýyldam çarlakdanam has köp tejribe toplady.
Jonatan müň fut belentlikde güýjünde baryny edip ganatlaryny galgadyp, tolkunlaryň arasyna zarp bilen özüni urdy we şonda çarlaklaryň näme üçin beýikden gözi ýok ýaly, suwa urduryp girmeýänine düşündi; çünki şeýle tizlige ýeteniňde, ganatyňa erk edip bolanokdy. Eýýäm altynjy sekunt diýlende onuň tizligi sagatda ýetmiş mile baryp ýetýärdi, bu bolsa, çarlagyň ganatyna eýgertjek tizlik däldi.
Jonatan wagtyň geçmegi bilen ökdeleýärdi, has-da kämilleşmek üçin, erjellik bilen türgenleşýärdi. Emma ýokary tizlige ýetende, barybir, deňagramlylygyny saklap bilenokdy.
Ol müň fut belentlige galdy. Ilkibada bar güýji bilen ýokaryk dyzady, soňundanam ganatlaryny pasyrdadyp, özüni aşak goýberdi. Şeýle ýagdaýda her gezek çep ganaty sähel ýokaryk galýardy, şol sebäpli-de deňagramlylygyny ýitirýärdi we çep tarapa pyrlanyp gidýärdi. Onsoň sag ganatyna agram berip, deňagramlylygyny sazlamaga çalyşsa, her gezegem edil hyzlawuk mysaly, pyrlanyp-pyrlanyp saga gidýärdi.
Jonatan seresaplylygy elden berýärdi. On gezek dagy synanyşdy; sagatda ýetmiş mil tizlikden geçen synanyşyklaryň onusynda-da edil bir çogdam ýelege dönen dek, özüne hiç hili erk edip bilmeýänine aňryýany bilen göz ýetirdi. Hawa, şeýle tizlik bilen şaglap inende, ol deňagramlylygyny ýitirýärdi we bir söz bilen aýdanyňda, gülçüldäp suwa gaçýardy.
Ol ýeleklerinden suw sarkdyryp durşuna, bu ýerde bar gep, şaglap inýän mahalyň ganatyňy gös-göni, gymyldatman saklap bilmekde diýip pikir etdi. Şunlukda, ol sagatda elli mil tizlige çykýança ganatlary işletmeli, soňra bolsa gös-göni, gymyldatman saklamaly diýen netijä geldi.
Jonatan iki müň fut belentlikde çüňküni göni aşak egip, tizligi sagatda elli milden geçýän her pursadynda ganatlaryny gymyldatman saklap, aşak gaçmaga ýene bir gezek hyýallanyp gördi. Munuň üçin ol bar güýjüni sarp etmeli bolýardy, kem-kemden özüni şoňa-da werdiş edýärdi. Onunjy sekuntda tizligi sagatda togsan mile ýetdi. Munuň özi, Jonatanyň çarlaklaryň arasyndaky ýyldamlyk rekordyny täzeledigi bolýardy.
Emma onuň bu üstünligi juda az salymlyk dowam etdi. Badyny haýallatjak bolup, ganatlarynyň ýagdaýyny sähel üýtgedenem şody welin, betbagtçylygyň üstünden bardy oturyberdi: şonda deňagramlylygyny ýitirdi. Sagatda togsan mil tizlik bilen uçup barýan mahaly howanyň akymy ony, ylla diýersiň, dinamit partlan kimin sarsdyryp goýberdi. Jonatan birbada petekesi kül-owram bolandyr öýtdi, soňundanam daşa baryp urlan dek, deňze süsňäp girdi.
Jonatan özüne gelende garaňky mazaly gatlyşypdy. Ol aý-aýdyň gijede, deňziň ýüzünde, çümmän haýaljakdan akyp barýardy. Haly harapdy, lagşap ýatan ganatlary gurşun ýaly agyrdy, ýöne onuň üçin iň ýokuş degýän zat ― şowsuzlykdy. Wah, kalbyna agram salýan şowsuzlyk labyry ony kem-kemden suwuň düýbüne çekse bolmaýarmy?! Şonda-ha barysy derrew gutarar!
Ol deňziň ýüzünde akyp barýarka, ýüreginiň çuňundan nätanyş bir ses ýaňlanyp gitdi: «Etjek alajyň nä?! Men çarlak, tebigatymyň serhetleri bilen çäklenen bir guş. Eger uçmagyň tilsimlerini bilmek maňa zerur bolanynda, onda beýnimiň ýerine uçmagyň çyzgylaryny görkezýän karta oturdylardy. Şaglap uçmak üçin, laçynyňky ýaly gysga ganatlarym bolardy, höregimem balyk däl-de, gemriji jandarlar bolardy. Kakam mamla. Munuň ýaly biderek pişeden el çekmeli. Sürime dolanaýyn, öňküje bolşum bilen gezibereýin we öz çakymy bileýin-de, betbagt çarlak guş bolup ýaşabereýin».
Ses haýallyk bilen peselip, ahyry kesildi. Jonatan onuň bilen doly ylalaşypdy. Garaňky düşensoň, çarlagyň kenardan başga ýerde köri ýok?! Jonatan hut şol pursatdan başlap, adaty çarlak bolmagy ýüregine düwdi. Eger şeýtse, muňa her kimem begense gerek.
Jonatan garalyp ýatan suwdan kynlyk bilen göwresini göterdi-de, ýerläp uçmagyň lezzetinden gana-gana kenara bakan ugrady.
Şo barmana öz ýanyndan:
― Besdir! ― diýdi. ― Men ozal nähili dünýä inen bolsam, häzirem şol. Bolup bilsem, beýleki çarlaklar ýalydyryn-da, çarlak bolubam uçaryn.
Şunlukda, ol ýene özüne zor salyp, ýüz fut belentlige galdy we kenara ýetmek üçin gyssanyp, ganatlaryny haýdatdy.
Sürüdäki adaty bir çarlak bolup uçmaly diýen karara gelensoň, onuň ýüregi ýumşady. Indi ol uçuş tilsimlerini öwrenmäge ýykgyn etmez, has dogrusy, dogabitdi bolşundan üýtgejek bolup azara galmaz we şonuň üçin indi ol şowsuzlyk diýen zadyň garasynam görmez. Hiç bir zadyň aladasyny etmän, asuda gijede kenarda ýylpyldaşýan çyralara sary uçmak, gör, nähili ýakymly!
«Garaňkylyk!». Ýüreginiň töründen gelýän ses, ylla tebil kakýan dek, gulagyny kamata getirdi: «Çarlaklar garaňkyda uçup bilmeýär».

Riçard Bah

(Dowamy bar…)

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s