Marokkada kino surata düşürip ýören bir toparyň rejissýory Marakeş Beginden onuň kaşaň köşgüniň howlusynda filmiň bir sahnasyny surata düşürmäge ejaza bermegini soraýar. Beg bada-bat ylalaşýar-da:
– Baş üstüne! – diýip, göwünjeň rugsat berýär.
Ýöne rejissýor kino enjamlaryny howla salmak üçin howludaky asyr bilen ýaşytdaş igde agaçlarynyň birini kesmeli boljakdygyny aýdanda, Marakeş Begi:
– Aýdýanyň näme! Ondan şu diwary ýykanymyz gowy – diýip, çürt-kesik garşy çykýar.
Rejissýoram:
– Beý diýýäňiz welin, ol iş üçin hem-ä biziň epesli wagtymyz gitjek, hemem telim adam ol işde işlemeli boljak – diýip, öz garşylygyny bildirýär.
Beg şonda oňa:
– O diýýäniň dogry. Ýöne diwary täzeden dikeltmek üçin biziň wagtymyzam ýeterlik, adamymyzam; ol asyrlyk agajy ýerine goýmak weli, biziň eýgerjek zadymyz däl – diýip jogap berýär.
(Irwing Hofman)