«Haýsy gazete, haýsy žurnala, haýsy goşgular ýygyndysyna seretseň ─ söýgi, söýgi, söýgi. Beýleki temalardan ýazmak gerek…» diýýäris.
Haýsy-da bolsa bir temany başga bir tema garşy goýmagymyz nädogry bolsa gerek. Bir ussa dutar ýasamaga ökde bolsa, ony araba ýasamaýanlygy, başga bir ussa araba ýasamaga ökde bolsa, ony dutar ýasamaýanlygy üçin aýyplamak, megerem, döredijilik prinsiplerine tersdir.
Söýgi temasyny çäklendirmek hakynda hiç hili gürrüň bolup bilmez. Gürrüň bolanda-da, ony diňe öz hasabyna − gowşak işlenilişiniň hasabyna çaklendirmek bolar.
Men heniz gara burçuň ösüp oturyşyny görmänkäm, ony-da öz gyzyl burçumyz ýaly kiçijik «ösümlikdir» öýderdim. Siriýada gezip ýörkäk, ülje agaçlary ýaly giden bir tokaýlyga gabat geldik. Soraşyp görsek, olar gara burç agaçlary ekeni.
Durmuşda-da käte şeýle bolýar. Kiçijikdir öýdüp ýören adamyň, käte has ýakyndan tanyşýarsyň weli, ullakan adam bolup çykýar.
Beýleligine-de bolup bilýär.