Guraklyk höküm sürýärdi. Dili damagyna ýelmeşen garga suw gözläp, esli ýol aşypdy, özem diýseň surnugypdy. Suwsuzlykdan ýaňa aňkasy aşyp, başy aýlanyp ugranda, gözi ullakan küýzä kaklyşdy. Pessäýlap, siňe seretse, düýbünde birneme suw bardy.
“Gowudygyny! Köp şükür, gutuldym. Näme bolsa, suw-a tapyldy!” diýip, begenjinden pelpelläp ugranda, inçe-uzyn boýunly bu küýzäniň düýbündäki suwy içmegiň özi üçin aňsat bolmajakdygyny aňdy:
– Haý, içigar! Men nädip, şu gysgajyk çüňküm bilen o küýzäň düýbündäki suwy içerkäm? – diýdi.
Garga lapykeç bolup, küýzäniň düýbüne çökdi: “Her edip, hesip edip, ugruny tapmaly! Ol suwa ýetmegiň hökman bir ýoly bardyr”.
Öňürti küýzäni ýykyp, ol suwy içsem diýen pikir kellesine geldi. Görgülijik ganaty bilen birki ýola küýzäniň böwrüne kakyp görenem bolsa, ony gozgar ýaly däldi. Ol gaty agyrdy.
Soňra küýzäni çokup, ýarçyk atdyryp bolmazmyka diýen pikir kellesine geldi. Eýlesini-beýlesini çüňki bilen çokalaşdy. Eger-eger mizäýinem diýenokdy. Sebäbi küýze örän gatydy.
Görgüsiýaman gargajygyň halys dili sallanypdy. Az salym dynç alyp, daş-töweregine garanjaklady. Töwerekde maýdaly-irili birgiden daş ýatyrdy. Öz ýanynda: “Boldy! Çözgüdini tapdym!” diýip gygyrdy.
Dessine töwerekdäki maýda daşlary ýygnap, küýzäniň içine atmaga başlady. Her daşy atanda küýzäniň düýbündäki suw birneme ýokary göterildi, ahyram garganyň içibiläýjek derejesine ýetdi. Garga-da teşnelik bilen suwy içip durka:
“Her kynçylykdan hökman bir çykalga tapyp bolar! Esasy zat ruhdan düşmän, ýaltalyk etmän şol çykalgany gözlemek!” – diýip, pikir etdi.
(Ezop)