Täze gazet. Iki goşgy. Hemme zady ýerbe-ýer ýaly okap çykýarsyň, özüne çekmeýär, ynandyrmaýar. Diňe ynandyrmazlygy-da däl, birhili ýakymsyz täsir döredýär.
Näme üçin beýlekä?
Birinjisinde − agras äheňde aýdylmaly zat degişme äheňinde aýdylypdyr.
Ikinjisinde − degişme äheňinde aýdylmaly zat agras äheňde berlipdir.
Diýmek, goşgularyň ritmi olaryň temasyna mahsus däl.
Has düşnükli bolsun üçin öz tejribämden bir mysal almakçy. Megerem, bu mysal başlangyç şahyrlar üçin «görkezme esbap» hökmünde kömek eder.
«Taýmaz baba» poemasyny men ilkibaşda şeýle ritmli setirler bilen başlapdym:
Aýlansaň-da ýüzläp-ýüzläp obany,
Tapaýmarsyň Taýmaz kimin babany.
Onuň gapdalynda epseň dyzyňy,
Aňsat-aňsat küýsemersiň yzyňy.
Bu setirler meniň maňzyma batmady. Näme ýetmeýärkä? Kapyýalary-da saz. Bogunlary-da düzüw. Pikirleri-de dogry. Emma bir ýerinde galplyk bar. Özüne çekmeýär, täsir döretmeýär.
Bir gün Aşgabadyň baýyrlarynda gezelenç edip ýörkäm şeýle setirler öz-özünden agzyma geldi:
Aýlansaň-da oba-oba,
Taýmaz ýaly bälçik baba
Tapaýmarsyň, tapaýmarsyň.
Bir otursaň, gapdalyndan
Aňsat-aňsat gopaýmarsyň.
Öýümize ylgadym. Poemanyň yzy şaglap gitdi. Indi hemme zat düşnüklidi: eseriň mazmunyna kybap ritmini tapmak gerek ekeni.
