BIR WAGTDA KÖP IŞ ETMEKLIK

Siz hem biri bilen söhbetdeş bolup otyrkaňyz internetde ýazyşmagy başarnyk hasaplaýaňyzmy?! Ýa bolmasa kitap bilen gümra bolup otyrkaňyz telefonda gürleşmegi wagtdan tygşytlamakdyr öýdýäňizmi?! Muny ýene bir ýola pikir etsek ýerlikli bolaýjak ýaly.

“Sussex”uniwersitetindäki (Beýik Britaniýa) ylmy tejribeler beýnimiziň bir wagtda birden köp işi amala aşyrmaga oňaýly däldigini we beýnimize üstaşyr maglumatlary ýagdyrmagyň ony diňe haýalladýandygyny anyklady. Newrolog Earl Miller bu barada: “Beýnimiz birbada köp işi ýerine ýetirmäge ukyply däl. Adamlaryň birentegi birden köp işi bir wagtda ýerine ýetirip bilýändiklerine ynansalar-da, aslynda bir işden beýleki bir işe uly tizlik bilen geçiş edýärler we muny ýerine ýetiren her gezeginde muzduny hem töleýärler” diýýär.

Bu ýumuş geçişleri beýnide erbet gylyklary oýarýar. Kiçi ýumşy ýerine ýetirenimizde (meselem e-poçta ýazmak, sms ugratmak, tweete jogap bermek ýaly) beýnide diňe ullakan bir iş bitireniňde çykarylýan “dopamin” atly “bagt” garmony işlenip çykarylýar. Beýni dopamin garmonynyň täsirlerini halaýar we ol bizi kiçijik ýumuşlaryň arasynda köpräk geçiş etmäge itekleýär. Şunluk bilen işleriň arasynda köp geçişleri amala aşyran beýni belli bir wagtdan soň ýadaýar, ýumuşlar tamamlanman galýar, tamamlansa-da hili pes bolýar. Beýniň dopamin lezzetine bolan söýgüsi, aslynda köp iş etmedik hem bolsak, tonlarça kyn ýumuşlary bitiren deý howply duýgy döredýär. Mysal üçin sen ençeme sagatlap internetde ýazyşyp oturmakdan başga hiç zat etmänsiň, emma göýä diýersiň özüňi ummasyz iş bitiren dek bagtly duýýaň! Muňa howp diýmän başga näme diýjek?!

London Uniwersitetinde alnyp barlan başga bir ylmy-barlag işiniň netijesinde “bir wagtda köp işi ýerine ýetirýän” adamlaryň IQ-larynyň (zehin) mese-mälim gowşaýandygy anyklanyldy, hatda bu gowşama derejesi gije uklamadyk ýa-da neşe serişdesi ulanan adamlaryň gowşama derejesine barabar bolupdyr.

“Sussex” Uniwersitetinde geçirilen ýene bir ylmy-barlag işinde bolsa bir wagtda birnäçe tehniki enjam bilen gümra bolýan adamlaryň (telewizor görüp otyrkaň sms ýazmaga çalyşmak ýaly) beýnilerini MR testinden geçirip görýärler. Olaryň beýnileriniň anterior singulat bölejiginde şol pursat aktiwligiň haýallaýandygy anyklanýar; bu bolsa beýnimiziň empatiýa – duýgudaşlygymyza, duýgy kontrolymyza esewan edýän bölejigidir. Gysgaça aýdylanda, iki tehniki enjamy bilelikde ulanyp oturan adamyň duýgularyna erk ediş derejesi gowşaýar we sekundyň içinde gahar-gazap partlamalary döräp bilýär.
Bulary bilmek we şoňa görä sagdyn ýaşaýşy ýola goýmak örän möhüm. Tizden-tiz bu babatda dogry karara gelmegi we durmuşa geçirmegi maslahat berýärin.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s