Gadym döwürlerde bir obada pähimli ýaşuly ýaşapdyr. Oba adamlary onuň bilen maslahatlaşman, hiç bir işiň başyny tutmandyrlar. Günlerde bir gün ýaşuly obanyň gojalary bilen çaýlaşyp oturan wagty, bir ýigit salam berip, gapydan giripdir. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň ýigit:
– Ýaşulular, obaňyzda ýaşamaga, göçüp gelmäge rugsat soramaga geldim – diýipdir. Bir käse çaýy ýigide uzadan oba kethudasy:
– Inim, sen ýaşap oturan obaňdan näme üçin göçjek bolýarsyň? – diýip sorapdyr. Ýaş ýigit:
– Biziň obamyzda agzybirlik, bereketlilik, rysgal-döwletlilik ýok. Siziň obaňyz nähili? – diýip ýaşululara ýüzlenipdir. Garry goja ýanyndakylaryň ýüzüne bir gezek garapdyr-da, myssa ýylgyryp:
– Biziňem obamyz edil siziň ýaşap oturan obaňyz ýaly oba – diýip jogap beripdir. Şolbarmana gapydan ýene bir ýaş ýigit salam berip giripdir-de:
– Ýaşulular, men goňşy obadan. Siziň obaňyzdaky Sadap daýzanyň ýekeje gyzy meniň gelnim. «Sadap daýza ýarawsyzlyk tapynypdyr» diýip habar bardy. Gaýyn eneme seretmek üçin göçüp gelmäge sizden rugsat alaýyn diýdim. Göbek ganymyň daman ýerini, agzybir, rysgal-döwletli obamy taşlap gaýtmak nähili agyr bolsa-da, başga alajym ýok – diýipdir.
Goja oňa:
– Göçüp gelseň, gel ogul. Biziňem obamyz edil siziň obaňyz ýaly agzybir hem asudadyr – diýende, birinji gelen ýaş ýigit:
– Ýaňy maňa: «Bu ýerde hem edil siziň obaňyzdaky ýaly agzybirlik, bereketlilik, rysgal-döwletlilik ýok» diýdiňiz ahyry – diýip gözlerini tegeläpdir. Parasatly goja bolsa:
– Oglum, dogduk obaňdan tapmadyk rysgal-bereketiňdir agzybirligiňi başga obadan hem tapmarsyň. Munuň sebäbini sen özüňden gözle! Hiç haçan öz obaňy, obadaşlaryňy ýamanlamagyn! Her bir obada ýagşy adamyň bolşy ýaly, ýaman adam hem bardyr. Ýagşylara meňzejek bolgun! Dogruçyllyk agzybirligiň bir sütünidir. Halallyk bolsa ikinjisi. Şol iki mukaddesligi özüňe hemdem edinseň, şu wagta çenli tapmadyk rysgal-döwletiňem, agzybirligiňem özi seni tapar – diýip öwüt beripdir.
Hawa, dogruçyllyk bilen halallyk bagtyň sakasydyr.
(Töre Nobatow, Il arasyndan bir rowaýat, “Adalat”)