Beýazidi-Bestamynyň döwründe bir sopy ynanç-ygtykady bolmadyk birine morta bir zat aýdyp goýberýär:
– Eý, gel, senem musulman bol! Şeýtseň, dowzahdan halas bolarsyň!
Şonda ýaňky ynançsyz adam oňa şeýle bir zat diýýär welin, sopy edil üstünden gaýnag suw guýlan ýaly bolýar:
– Gowy zady maslahat berýäň, ýöne Beýazid ýaly musulman bolmag-a elimden gelmeýär. Seniň ýaly musulman bolandan bolmanyň gowy. Seni gören adamyň musulmançylyga bolan söýgüsi kemelýär.
Serwerimiz Muhammed aleýhyssalatu wessalam bir hadysy-şerifinde şeýle diýýär:
– Mümin (şeýle kimse bolmaly), ony göreniňde Alla, geplände ahyret, hereket edende hasap güni hakydaňa gelmeli.
Mümine, başgalary ýazgarýan garalawçy, nebsini aklaýan aklawçy bolmak gelişýän däldir. Oňa özi sebäpli adamlaryň musulmanlykdan sowaşmazlygynyň aladasynda bolmak gelişýändir.
Eger biz nusga bolup, yslamyýetiň gowulyklaryny bütin aýdyňlygy bilen görkezmegi başaryp bilsedik, gaýry dinlileriň topar-topar bolup, yslamy kabul edişiniň şaýady bolardyk.