Aňkaw kişi hem onuň eşegi hakynda

Abdyrahman Jamy, “HEKAÝATLAR”

Obada bir aňkaw kişi ýaşardy,
Onuňam bir agsak eşegi bardy.

Gapyrgasyn sanaýmaly hordy ol,
Hemişe mytdyldap ýöreýärdi ol.

Boýnun zordan o ýan, bu ýan öwrerdi,
Depesinde taýak bary döwlerdi.

Ähli horluk, şatylara dözerdi,
Doglanyna nälet okap gezerdi.

Ýaňky kişi bir gün gitdi bazara,
Jellaplara duşdy baran badyna.

Olaň biri kömek edermen boldy,
Oň egbar eşegni satarman boldy.

Sesine bat berip gygyrdy jellap:
„Geliň how, adamlar!
Muň ýaly del zat

Görmeg-ä däl, eşidenem dälsiňiz,
Alsaňyz—aldyňyz, ýogsa galdyňyz.

Çapyşsa, bedewi garar tozana,
Duş gelen tapylmaz mundan ozana.

Ýer dagy sürmeli bolaýsa eger,
Güýji öküzlere „Gaýra dur!“ diýer.

Peýkam deýin süýnüp jeň meýdanynda,
Durar ýyndam bedewleriň sanynda…“

Adamlar gülüşdi onuň aýdanna,
Emma güp ynandy ol aňkaw bende.

Jellaba ýüzlendi mölerdip gözün:
„Gulagma hoş ýakdy her aýdan sözüň,

Agzyňa aňkartdyň adam baryny,
Haýran galdy tutuş eşek bazary.

Ne gözel malyma ýetirmäýin şek,
Özüme gereg-ä şo hili eşek.

Tüýs bir akylsyzlyk satjak bolmagym
Gabahat beýle iş etjek bolmagym…“

Diýip, öz ýanyndan hoş bolup göwni,
Iýtdi gaýdyberdi agsak eşegni.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s