Gurbagalar üýşüp tokaýyň jümmişine sary gezelenje çykypdylar. Birdenkä olaryň ikisi çuňrajyk çukura gaçýar. Beýleki gurbagalar şolbada çukuryň erňegine üýşmezmi?! Hersi öz ýanyndan çukury synlaýar-da, gurbaga böküp çykardan ony çuňrak görýär.
Soňra ýokardakylardan biri aşakdaky dostlaryna seslendi:
– Wah, görgüsiýaman dostlarym! Ahwalyňyz ýüregimi para-para edýär, edil gyýym-gyýym şu wagt. Ýöne nädeli? Sizi halas etmek üçin elimizden gelýän zat ýok. Sizem biderek ýere özüňizi horlamaň. Bir gurbaga bu çukurdan asla çykyp bilmez.
Onuň yzyndan başga bir gurbaga bökejekläp, çukurdan çykmaga synanyşýan dostlaryna seslendi:
– Çukur gaty çuň. Gaty çuň!
Soňra ýene biri aşak seretdi-de:
– Iň gowusy bir gyradajyk oturyň-da, ölüme garaşyň. O ýerden çykaryn öýdüp umyt edip oturmaň. Biderek ýadanyňyz bolar.
Aşakdakylar bolsa gara dere batyp, böke-böke, henizem çukurdan çykmaga çalyşýardy.
Gurbagalaryň has ätiýaçlysy usullyk bilen çukuryň gyrasyndan aşak egildi-de:
– Biderek towsup dursuňyz, biderek… – diýdi.
Aşakdakylar olaryň aýdýan umytdan düşüriji sözleriniň hiç birine pitiwa etmän bir salym, bar güýçlerini bilen, bolanja gaýratlaryny jemläp, çukurdan çykmaga synanyşdylar. Ýöne birneme wagt ötensoň, olaryň biri hem ýadawlykdan, hem ýokarda duran dostlarynyň umytdan düşüriji sözleri sebäpli bökejeklemegini bes edip, çukuryň bir çüňküne geçdi-de, ölüme garaşmaga başlady.
Beýleki gurbaga bolsa henizem towsaklap, daşyna çykmaga çalyşýardy.
Ýokardaky gurbagalar onuň bu bolşuna gaty geň galyp, beýdip netijesiz deprenip durandan-a, dosty ýaly bir gyra çekilip, otursa, has akylly hereket etdigi bolardy diýişýärdiler.
“Çukur gaty çuň! Gaty çuň!”.
“Bu ýerden bir gurbagaň towsup çykjak gümany ýok!”.
“Senem ýoldaşyň ýaly bir gyra geçip otur-da”.
“Özüň-ä öljek bolup dursuň, bolmanda, ýadama-da!”.
“Çy-kyp bil-mer-siz! Biderek arrygyňy gynama!”.
Ol gurbaga weli diýýämiňem diýenok; ne göreşi bes eden dostunyň bolşuna üns berýärdi, ne-de ýokardan özlerini synlap duran beýleki gurbagalaryň sözlerine. Bar güýjüni jemläp, çykmaga çalyşýardy. Ahyrynda şeýle bir ýokary towusdy welin, çukuryň daşyna düşenini özem duýman galdy. Gör-le muny, halas boldy oturyberdi!
Bolar, elbetde. Sebäbi ol dogabitdi kerdi, ýoldaşlarynyň umytdan düşüriji sözleriniň hiç birinem eşitmeýärdi.
(Pol Estrij)