Çarlak (3)

Dowamy…

Jonatan o sese gulak gabartmazlyga çalyşdy. «Gör, nähili ýakymly gije!» diýip, ünsüni başga ýana sowmaga çytraşdy. Aýyň hem san-sajaksyz ýyldyzlaryň şöhlesi suwuň ýüzünde lowurdap, gijäniň içinde dumly-duşa ýeňiljek ýagty saçýardy. Bar zat asuda hem parahatdy.
«Düş aşak! Çarlaklar garaňkyda uçanok. Garaňkyda uçjak bolsaň, baýguşuňky ýaly ýiti gözüň, laçynyňky ýaly kelte ganatyň we ýol görkeziji çyzgylaryň bolmaly!».
Gijäniň bir wagty ýüz fut belentlikden uçup barýan Jonatan bu hakykata göz ýumdy. Şonda ol üstünden dag aýrylan ýaly, özüni ýeňil duýdy.
― Kelte ganatlar! Laçynyňky ýaly kelte ganatlar!
― Elhepus, meň akmaklygyma bir seretsene! Maňa kelte ganat gerek. Ýogsa-da ganatlarymy ýygnagada, diňe uçjagazyny göwrämden çykaryp uçsam niçik borka? Ine, saňa gerek bolsa, kelte ganat!
Jonatan garaňky deňziň üstünde iki müň fut belentlige çykdy. Ajalyna howlugýan ýaly, ganatlaryny ýygnap jebis saklady. Ganatynyň ujundaky inçejik, gaty hem kiçiräjik bölejigini bolsa, göwresinden daşyna çykaryp, dik başaşaklygyna gaýtdy.
Şemal onuň gulagynyň deňinde edil nägehan kimin iňläp ses edýärdi. Sagatda ýetmiş mil, togsan, ýüz ýigrimi we ondanam ýokary… Indi tizligi sagatda ýüz kyrk mile ýetende, ganatlaryna, hol, ýetmiş milde uçuşyndaky ýaly agram düşenokdy. Ol ganatynyň göwresinden çykyp duranja bölegini öz ugruna sähel öwrüp goýberdi-de, aşak gaçmakdan gutuldy, Aýyň ýagtysyna müňzeşip görünýän tolkunlaryň üstünden ok ýaly zymdyrylyp geçdi.
Jonatan şemalyň içinden parran geçip gider ýaly gözüni ýumdy, ol deňagramlylygyny ýitirmän, sagatda ýüz kyrk mile ýetenine begenýärdi. «Iki ýüz futdan däl-de, bäş ýüz futdan aşak gaýdaýsam, tizligim näçä çykarka?».
Şemalyň badyna ýyldyrym dek süýnüp barşyna, Jonatan ýaňyja özüne näme diýip duranyny hem ýatdan çykardy. Beren sözünden dänmeklik ony ýaňadan özüne gaýtaryp getirdi we munuň üçin ol birjigem müýnürgemedi. Diňe özboluşlylyga boýun sunýan çarlaklar ýaňky ýaly pikirler bilen özüni çäkleýär. Adatylygyň serhedini böwsüp geçenleriň bolsa, dar çäkde ýaşaslary gelmeýär.
Günüň dogmagy bilen Jonatan ýene-de türgenleşige başlady. Bäş müň fut belentlikden oňa balyk awlaýan gämiler asuda mawy deňziň ýüzünde kindiwanja nokatjyk, iýmitiň gözlegine çykan çarlak sürüsi bolsa, aýyl-saýyl saýgartmaýan topbak-topbak bulutlar ýaly bolup görünýärdi.
Ol gorka ýan bermän, ganatlarynyň hezilini görýänine monça bolýardy. Şeýle nurana pikirleri aňynda aýlap durka ganatlaryny ýerine ýygnady, ganatynyň ujuny az-kem açdy we özüni dik başaşaklygyna suwa urdy. Dört müň fut diýlende ýokary tizlige ýetipdi. Şeýle belentlikde sesden emele gelen diwara dönen şemal zol-zol ony kakyp geçýärdi hem badyny artdyrmaga maý bermeýärdi. Ol häzir göni aşaklygyna, sagatda iki ýüz kyrk mil tizlik bilen inip gelýärdi. Şeýle tizlikde barýan wagty birdenkä ganaty açylyp dagy edäýse, tike-tike boljagyny ol gaty oňat bilýärdi, ýöne kellesi göçüp, halys erkini aldyransoň, muny görmezlige salýardy. Çünki tizlik ― güýç diýmekdi, deňsiz-taýsyz lezzetdi we taýsyz gözellikdi.
Müň futa baranda, halys guduz açana dönen şemal onuň ganatlarynyň ujuny tutuksy ses bilen titredip ugrady. Aşakda görünýän balyk awlaýan gäminiň we çarlak sürüsiniň edil asman daşlarynyň ýere gaçyşy ýaly, kem-kemden ulalyp, arany ýygjamladyp barýanyny aňan badyna, Jonatan saklanjak boldy.
Ýöne saklanyp bilenokdy. Sebäbi şeýle ýokary tizlikde ol entek saklanmag-a beýlede dursun, hatda nädip öwrüm edilýäninem bilenokdy.
Şeýle çaknyşmanyň gutulgysyz ölüm bilen tamamlanjagy ikuçsuzdy.
Şonuň üçinem ol, alaçsyz gözüni ýumdy.
Jonatan sagatda iki ýüz ýigrimi mil tizlik bilen çirkin gygyryp, gözleri ýumulgy halda çarlaklaryň arasyna urduryp girdi. Herhal, çöregi bitin eken, bu wakada hiç kimiň ömür tanapy gyrylmady. Ine, bularyň bary ir ertir, ýaňy daň agaran uçurlary bolup geçipdi.
Ol çüňküni göge dikip, sagatda ýüz altmyş mil tizlik bilen uçmagyny dowam etdi. Badyny ýigrimi mil peseldende, dört müň fut belentlikden gämiler deňizdäki bir nokatjyk ýaly bolup görünýärdi.
Ol indi diňe özüniň ajaýyp ýeňşi barada oýlanýardy. Ýetip boljak aňrybaş tizlik. Çarlak sagatda iki ýüz on dört mil tizlikde uçýar. Bu çarlaklaryň taryhynda görlüp-eşidilmedik wakady, gazanylan täze ýeňişdi. Indiden beýläk Jonatan üçin täze döwür başlanýardy. Ol türgenleşik geçýän ýerine baryp, sekiz müň fut belentlikden şaglap aşak inip gelýärkä, nädip öwrüm ýasap bolarka diýip, şoň aladasyny edip başlady.
Jonatan ganatynyň ujundaky ýelekleriň ýekejesini sähel gymyldatmak bilen, näçe ýokary tizlikde barýanam bolsa, emgenmän, ýeňiljek aýlaw edip bolýanyny öwrendi. Mundan öňki synanyşyklarda ol ýokary tizlikde barýan mahaly ganatyň ujundaky ýelekleriň diňe ýekejesini däl-de, birnäçesini gymyldatsa, pyrlampaç ýaly pyrlanyp gidýänini öz gözi bilen görüpdi… Jonatan ýer ýüzünde howa uçuş oýunlaryny ýerine ýetirip bilýän ýeke-täk çarlakdy.
Jonatan Gün ýaşýança dynuwsyz uçdy ýördi. Beýleki çarlaklaryň yzyna düşüp, wagtyny biderek ýitirmedi. Howada öwrüm etmegi, aşyr atmagy, batly uçup barýarka haýaljakdan öwrülmegi, başaşak uçmagy ― bar zady öwrendi.
(Dowamy bar…)

Riçard Bah

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s